HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Baştutany we Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri ulag ulgamyndaky gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar

Maý 12, 2022 | 21:35 |10082
Sişenbe güni hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sapar bilen Aşgabada gelen Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jepbarow bilen duşuşdy.Sişenbe güni hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sapar bilen Aşgabada gelen Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jepbarow bilen duşuşdy.
Çeşme:

Sişenbe güni hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sapar bilen Aşgabada gelen Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jepbarow bilen duşuşdy.

Taraplar ýangyç-energetika toplumy, ulag we kommunikasiýa ýaly ulgamlary öz içine alýan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini, Hazarda serhetleşýän goňşy ýurtlaryň çäk taýdan ýerleşmegi bilen şertlendirilen gatnaşyklarynyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Şundan ugur alnyp, iki ýurduň ulag ulgamlary arkaly sebitara üstaşyr ýük geçirilmeginiň artdyrylmagynda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň eýeleýän orny bellenildi hem-de bu ulgamda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Nebitgaz pudagy gepleşikleriň ýene-de bir meselesi boldy. Bu ugurda hem iki döwletiň bähbidi ugrunda tagallalary birleşdirmegiň mükinçilikleri bar. Duşuşykda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň işewür jemgyýetçiliginiň ugurlary boýunça hem gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meselelerine garaldy.

Şeýle hem şol gün Mikail Jepbarow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Olar parlamentara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, kanunçykaryjy edaralaryň derejesinde tejribäniň alşylmagyna hem-de hukuk ulgamynda geňeşmeleriň geçirilmegine esasy üns berdiler. Munuň özi söwda-ykdysady ulgamda hem türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hyzmat eder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Ankarada goranyş ulgamynda senagat hyzmatdaşlygy günleri — IDA Turkey 2026 geçiriler

Ankarada goranyş ulgamynda senagat hyzmatdaşlygy günleri — IDA Turkey 2026 geçiriler

00:09 Sentýabr 11, 2026
Dünýäde ilkinji gezek ýaşuly adamlaryň sany bäş ýaşyna ýetmedik çagalaryň sanyndan geçdi

Dünýäde ilkinji gezek ýaşuly adamlaryň sany bäş ýaşyna ýetmedik çagalaryň sanyndan geçdi

00:06 Sentýabr 11, 2026
Stambulda 12-nji halkara öý haýwanlary harytlarynyň «PETZOO Eurasia 2026» sergisi geçiriler

Stambulda 12-nji halkara öý haýwanlary harytlarynyň «PETZOO Eurasia 2026» sergisi geçiriler

00:01 Sentýabr 11, 2026