BMG-niň wekili global dolandyryşy özgertmekde Hytaýyň ornunyň möhümdigini belledi
Halkara jemgyýetçiligi Hytaýyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarly bolmagyna we Birleşen Milletler Guramasynyň merkezinde durýan halkara ulgamyny goldamagyna garaşýar. Bu barada BMG-niň syýasat meseleleri boýunça Baş sekretarynyň orunbasary Gaý Raýder Hytaýyň demirgazygyndaky Hebeý welaýatynyň Sýunýan şäherinde geçirilýän 2026-njy ýylyň Global dolandyryş forumynyň çäklerinde aýtdy.
Üç gün dowam edýän forum anna güni «Ynamy we hyzmatdaşlygy dikeltmek: özgerýän dünýäde global dolandyryşy özgertmek we kämilleşdirmek» diýen tema bilen açyldy. Hytaýyň Halkara gatnaşyklar boýunça halk institutynyň guramagynda geçirilýän çärede köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk, emeli aň we durnukly ösüş meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.
China Media Group bilen söhbetdeşlikde Raýder Hytaýyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň bäş sany hemişelik agzasynyň biri hökmünde ähmiýetini nygtady. Onuň aýtmagyna görä, ýurduň halkara derejesindäki täsiri we mümkinçilikleri dünýäde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda oňa möhüm orun berýär.
«Hytaý BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň bäş sany hemişelik agzasynyň biridir. Ýurtdaky ösüşiň gerimi we onuň dünýäde täsiri sebäpli, biz Hytaýyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga berk ygrarly bolmagyna garaşýarys.
Meniň pikirimçe, bu ygrarlylyk saklanýar. Hytaý hökümetiniň Birleşen Milletler Guramasyny goldaýandygy baradaky yzygiderli beýanatlaryny eşidýäris. Hytaý merkezinde BMG durýan halkara hyzmatdaşlyk ulgamyny goldaýar. Bölünişikleriň we dartgynlylygyň köpelýän häzirki dünýäsi üçin bu örän möhümdir. Şu ugurlarda Hytaý peýdaly orun eýeläp biler» diýip, Raýder aýtdy.
BMG-niň wekili halkara guramalarynyň çalt özgerýän dünýä uýgunlaşmalydygyny hem belledi. Onuň sözlerine görä, BMG-niň Tertipnamasynda beýan edilen ýörelgeler ähmiýetini saklamaly, emma guramanyň iş usullary we çözýän meseleleri täze şertlere laýyklykda ösüp durmaly.
Emeli aň täze ýüze çykýan möhüm meseleleriň biridir. Bu tehnologiýanyň çalt ösüşi halkara gepleşiklerini we dolandyryşyň täze çemeleşmelerini talap edýär. Raýder Sýunýandaky forumyň global institutlaryň bu üýtgeşmelere nähili jogap bermelidigi barada açyk we konstruktiw pikir alyşmaga mümkinçilik döredýändigini aýtdy.
«Biz dünýäniň örän çalt özgerýändigine düşünýäris. Köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk basyş astynda galýar. Birleşen Milletler Guramasy hem dünýä bilen bilelikde üýtgemeli. Biz ýörelgelerimize we BMG-niň Tertipnamasyna ygrarly bolmagymyzy dowam etdirýäris, ýöne iş usullarymyz we çözýän meselelerimiz hem ösüp durmaly. Dünýä üýtgedigiçe täze meseleler ýüze çykýar.
Emeli aň munuň aýdyň mysalydyr. Bu kynçylyklara jogap bermek üçin uýgunlaşmalydyrys. Meniň pikirimçe, bu forumda dolandyryş meseleleri açyk we oňyn ýagdaýda ara alnyp maslahatlaşylýar» diýip, ol belledi.
Raýder 2017-nji ýylda Pekiniň günorta-günbatarynda täze ösüş zolagy hökmünde döredilen Sýunýan şäheri barada hem pikirini paýlaşdy. Bu ýerde Pekin — Týanszin — Hebeý sebitine hyzmat etjek häzirki zaman şäher merkezi esasan täzeden gurulýar.
Onuň pikiriçe, şäheriň uzak möhletleýin meýilnamalaşdyrylmagy häzirki wagtda kabul edilýän çözgütlerde geljekki nesilleriň bähbitlerini göz öňünde tutmagyň möhümdigini görkezýär.
«Bu geljegiň şäheridir. Biz şu günki meselelerimizi geljekki nesiller üçin nämäni aňladýandygyna we bizden soň geljek adamlaryň nähili dünýäde ýaşajakdygyna aýdyň düşünmek bilen çözmelidiris. Meniň pikirimçe, bu şäher syýasaty öňdengörüjilik bilen meýilleşdirmegiň nusgasydyr» diýip, Raýder aýtdy.
Forum halkara hyzmatdaşlygynyň geljegi we global guramalaryň täze kynçylyklara jogap bermek ukyby baradaky giňişleýin çekişmeleriň dowam edýän döwründe geçirilýär. Gatnaşyjylar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýörelgelerini saklamak bilen bir hatarda, global dolandyryş mehanizmlerini tehnologik, ykdysady we durmuş özgertmelerine uýgunlaşdyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşýarlar.







