HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Naýrobide gurulýan köp gatly bina ýykyldy

Oktýabr 26, 2026 | 13:00 |1530
Çeşme: orient.tm

Anna güni Keniýanyň paýtagty Naýrobiniň işewürlik merkezleriniň biri bolan Istli etrabynda gurluşygy dowam edýän köp gatly bina ýykyldy. Deslapky maglumatlara görä, harabalyklaryň aşagynda adamlar galan bolmagy mümkin.

Bina duýdansyz ýykylyp, howada galyň tozan buludyny döretdi. Wakanyň golaýyndaky dükanlaryň işine we ulag hereketine hem täsir ýetdi. Ýerine ýerli ýaşaýjylar, telekeçiler we köçeden geçip barýan adamlar ýygnandy. Polisiýa jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek üçin wakanyň bolan ýerine geldi.

Hukuk goraýjy edaralaryň maglumatyna görä, binanyň ýykylandygy wagty onuň golaýynda bolan gurluşyk işgärleri we pyýadalar harabalyklaryň aşagynda galan bolmagy mümkin.

Zaharia atly ýerli ýaşaýjy binanyň ýykylandan soň adamlaryň kömek soraýan seslerini eşidendiklerini, emma özbaşdak olara ýetip bilmändiklerini aýtdy. Olar halas ediş toparlarynyň gelmegine garaşdylar.

Gözleg-halas ediş işlerini geçirmek üçin Keniýanyň Goranmak güýçleriniň, Gyzyl Haç guramasynyň we degişli edaralaryň toparlary dessine waka ýerine iberildi.

Waka bolan ýerde giňişligiň çäklidigi sebäpli halas edijiler ilki harabalyklaryň bir bölegini aýyrmaly we geçelgeleri açmaly boldular. Işler harabalyklaryň aşagynda diri galan adamlaryň bolup biljek boşluklaryna zeper ýetirmezlik üçin seresaplylyk bilen alnyp barylýar. Binanyň ýykylyşynyň sebäbi derňelýär.

CCTV+ habar bermegine görä, Naýrobide gurluşygy dowam edýän binanyň ýykylandan soň gözleg-halas ediş işleri dowam edýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

19:00 Oktýabr 26, 2026