HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Oktýabr 24, 2026 | 06:05 |1449
Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) we Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasy (UNFPA) tarapyndan Ýewropa Bileleşiginiň goldawy bilen durmuşa geçirilýän CHANGE halkara maksatnamasynyň («Gender deňligi bähbidine jemgyýetçilik garaýyşlarynyň we kadalarynyň özgermegine ýardam bermek») milli düzüminiň tanyşdyrylyşy geçirildiAşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) we Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasy (UNFPA) tarapyndan Ýewropa Bileleşiginiň goldawy bilen durmuşa geçirilýän CHANGE halkara maksatnamasynyň («Gender deňligi bähbidine jemgyýetçilik garaýyşlarynyň we kadalarynyň özgermegine ýardam bermek») milli düzüminiň tanyşdyrylyşy geçirildi
Çeşme: UNDP Turkmenistan

Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) we Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasy (UNFPA) tarapyndan Ýewropa Bileleşiginiň goldawy bilen durmuşa geçirilýän CHANGE halkara maksatnamasynyň («Gender deňligi bähbidine jemgyýetçilik garaýyşlarynyň we kadalarynyň özgermegine ýardam bermek») milli düzüminiň tanyşdyrylyşy geçirildi. Býujeti 5,2 million ýewro bolan sebit taslamasy Merkezi Aziýa ýurtlaryny öz içine alýar hem-de inklýuziw ykdysady syýasaty ösdürmäge we durmuş institutlaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

23102026-undp-unfpa-change-program-launch-turkmenistan.JPG

Maksatnamanyň çäklerinde işleriň esasy ugurlary ylmy-barlag we usulyýet taýdan goldaw bermekden ybarat bolar. BMGÖM we UNFPA milli hyzmatdaşlara ilatyň wagty nähili peýdalanýandygyny öwrenmek boýunça giň gerimli barlagy geçirmekde, şeýle hem zähmet bazarynyň resmi däl bölegini öwrenmekde ýardam bererler. Alnan seljeriş maglumatlary hünär bilimine elýeterliligi giňeltmek, gaýtadan hünär taýýarlygyny üpjün etmek we ýaşlaryň telekeçilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekleri üçin zerur şertleri döretmek boýunça amaly teklipleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berer.

undp-unfpa-change-program-launch-turkmenistan (2).JPG

BMGÖM-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýanyň belleýşi ýaly, zenanlaryň ykdysady hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi tutuş milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşine itergi berýän tebigy hereketlendiriji bolup hyzmat edýär. Öz gezeginde, UNFPA-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Kemal Goşlyýew hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekili Maçeý Adam Madalinski deň mümkinçilikleriň institutlaryny ösdürmek üçin bilermen-seljeriş binýadyny pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtadylar.

undp-unfpa-change-program-launch-turkmenistan (4).JPG

CHANGE başlangyjy Türkmenistanyň ählumumy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça milli ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmek işlerine utgaşdyrylýar. Bu babatda, ilkinji nobatda, DÖM 5-e (gender deňligi) we DÖM 8-e (mynasyp zähmet we ykdysady ösüş) aýratyn ähmiýet berilýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026