HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýew telefon arkaly söhbetdeş boldy

Oktýabr 13, 2026 | 23:10 |9141
12-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi12-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
Çeşme: president.uz

12-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Özbegistanyň Prezidenti «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen iri halkara forumlaryň — GDA-nyň sammitiniň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň, şeýle hem Hazar ekologiýa forumynyň ýokary derejede guramaçylykly geçirilendigine we olaryň netijeliligine ýokary baha berdi. Türkmenistanyň üstünlikli başlyklyk etmeginiň hem-de Awazada kabul edilen çözgütleriň ýurduň sebit dialogynyň esasy utgaşdyryjysy hökmünde derejesini has-da pugtalandyrandygy we tutuş Merkezi Aziýada durnuklylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek üçin täze geljegi uly mümkinçilikleri açandygy bellenildi.

Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda Strategik hyzmatdaşlyk boýunça Ýokary geňeşi döretmek hakynda Şertnama gol çekilmeginiň ähmiýeti nygtaldy. Bu ýokary derejeli utgaşdyryş mehanizminiň işe girizilmegi esasy taslamalary ilerletmäge, özara ýük dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmaga, senagat hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, şeýle hem iki döwletiň energetika, ulag we oba hojalygy ulgamlaryndaky özara arabaglanyşygyny pugtalandyrmaga täze itergi berer.

Söhbetdeşligiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewe dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi. Söhbetdeşler döwletleriň iň ýokary derejesindäki ynanyşmak we açyk dialogyň, şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedowyň özbek Lideri bilen yzygiderli duşuşyklarynyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşlerde türkmen-özbek dialogynyň oňyn ösüşiniň ygtybarly şerti bolup durýandygyny bellediler.

Iki ýurduň Liderleri öňde boljak bilelikdäki çäreleriň we ýokary derejeli duşuşyklaryň tertibi boýunça hem pikir alyşyp, medeni-ynsanperwer we ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga üýtgewsiz ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026