HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Pakistan we Türkmenistan söwdany işjeňleşdirmek maksady bilen göni howa gatnawlaryny ýola goýmak meselesini öwrenýärler

Oktýabr 12, 2026 | 17:09 |10443
Pakistan bilen Türkmenistan Yslamabat — Aşgabat ugry boýunça täjirçilik we ýük howa gatnawlaryny gaýtadan dikeltmek mümkinçiligine seredýärler. Bu barada Pakistanyň “ProPakistani” analitiki neşiri ýurduň degişli edaralarynyň hünärmenlerine we wekillerine salgylanyp habar berýärPakistan bilen Türkmenistan Yslamabat — Aşgabat ugry boýunça täjirçilik we ýük howa gatnawlaryny gaýtadan dikeltmek mümkinçiligine seredýärler. Bu barada Pakistanyň “ProPakistani” analitiki neşiri ýurduň degişli edaralarynyň hünärmenlerine we wekillerine salgylanyp habar berýär
Çeşme: orient.tm

Pakistan bilen Türkmenistan Yslamabat — Aşgabat ugry boýunça täjirçilik we ýük howa gatnawlaryny gaýtadan dikeltmek mümkinçiligine seredýärler. Bu barada Pakistanyň “ProPakistani” analitiki neşiri ýurduň degişli edaralarynyň hünärmenlerine we wekillerine salgylanyp habar berýär.

Göni howa köprüsiniň döredilmegi iki döwletiň arasynda söwda akymlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, işewür toparlaryň hereketini we hyzmatlaryň amala aşyrylmagyny üpjün etmek üçin ygtybarly alternatiw ugry döretmäge gönükdirilendir. Owganystanyň üsti bilen geçýän adaty logistika bilen bagly gijikmeleriň ýüze çykýan şertlerde multimodal çemeleşme Pakistanyň Merkezi Aziýanyň sebit bazarlary bilen gatnaşyklaryny berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Pakistanyň Söwda guramalary boýunça Baş müdirliginiň direktory Sabz Ali Han göni howa gatnawlarynyň ýola goýulmagynyň eksportçylar üçin iň köp isleg bildirilýän haryt görnüşlerini kesgitlemekde we önümleriň çäkli görnüşleriniň çäginden çykmakda giň mümkinçilikleri açjakdygyny belledi. Onuň pikirine görä, işewür toparlaryň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek, bilelikdäki sergileri geçirmek we ulag infrastrukturasyny ösdürmek ikitaraplaýyn söwdanyň bar bolan mümkinçiliklerini has netijeli durmuşa geçirmäge ýardam eder. 2025–2026-njy maliýe ýylynda bu söwdanyň möçberi takmynan 7,05 million ABŞ dollaryna deň boldy.

Logistika ulgamynyň bilermenleri we Pakistanyň Halkara awtomobil ulaglary edarasynyň wekilleri göni howa gatnawynyň gyssagly we gymmat bahaly ýükleri daşamak üçin iň amatly çözgüt boljakdygyny nygtaýarlar. Şol bir wagtyň özünde, awtomobil we demir ýol ugurlary uly möçberli ýükleri daşamagy üpjün etmegini dowam etdirer. Toplumlaýyn multimodal ulgamlaryň ornaşdyrylmagy howa, gury ýer we deňiz ulaglaryny bitewi logistika toruna birleşdirmäge, şeýlelikde, Merkezi Aziýany Arap deňziniň kenaryndaky portlar bilen baglanyşdyrmaga mümkinçilik berer.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026