HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Abu-Dabide taryhda iň uly “Global Food Week” çäresi başlaýar

Oktýabr 06, 2026 | 18:00 |1070
Çeşme: orient.tm

Abu-Dabide 6–8-nji oktýabr aralygynda azyk howpsuzlygy, maýa goýumlary we azyk pudagyndaky halkara hyzmatdaşlyga bagyşlanan “Global Food Week 2026” çäresi geçiriler. Çäräni Abu-Dabiniň Oba hojalygy we Azyk howpsuzlygy edarasy bilen strategik hyzmatdaşlykda “ADNEC Group” guraýar.

Üçünji gezek geçiriljek bu sergi 2024-nji ýylda başlandan bäri iň ulusy bolar. Bu ýyl ol 92 ýurtdan 2580 gatnaşyjyny, şol sanda öndürijileri, maýadarlary, alyjylary we döwlet edaralarynyň wekillerini bir ýere jemlär.

Ilkinji gezek çäre B2B we B2C formatlaryny birleşdirer. Bu bolsa azyk pudagynda işleýän kompaniýalaryň täze bazarlara çykmak, maýa goýumlaryny çekmek we sarp edijiler bilen göni aragatnaşyk saklamak mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir.

“Global Food Week” çäginde ikinji “Global Food Security Summit” hem geçiriler. Onda hökümetleriň wekilleri, alymlar, bilermenler we pudagyň ýolbaşçylary azyk ulgamlarynyň durnuklylygy, innowasiýalar we uzak möhletleýin azyk howpsuzlygy ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Öňki çäre 75 ýurtdan 2000-den gowrak kompaniýany we brendi, 40 müňden gowrak myhmany bir ýere jemläpdi hem-de umumy bahasy 6,6 milliard dirhama barabar bolan şertnamalaryň baglaşylmagyna mümkinçilik döredipdi.

“CCTV+”-niň habar bermegine görä, “Global Food Week 2026” dünýäniň azyk pudagynyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin iň iri halkara meýdançalaryň birine öwrülmelidir. Esasy üns maýa goýumlaryna, innowasiýalara, üpjünçilik zynjyrlarynyň durnuklylygyna we azyk howpsuzlygyny berkitmäge gönükdiriler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026