Gazagystan Merkezi Aziýada emeli añ merkezine öwrülmegi maksat edinýär


Gazagystan emeli añ we maglumatlary işläp düzmek tehnologiýalary boýunça iň uly sebit merkezine öwrülmegi meýilleşdirýär. «Kazahtelekom» paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Bagdat Musin «AI and Digital Bridge» forumynda hasaplaýyş kuwwatlaryny ösdürmek strategiýasy we dünýäniň IT ägirtlerini çekmek barada beýanat berdi.
Ýurduň esasy artykmaçlygy elýeterli energetika çeşmeleriniň we ösen telekommunikasiýa infrastrukturasynyň utgaşmagydyr. Emeli añ modellerini öwretmekde zerur bolan giň göwrümli maglumat merkezleriniň işi üçin Gazagystan goşmaça 5 GWt çenli energiýa kuwwatlyklaryny bölüp bermegi meýilleşdirýär.
Sanly strategiýanyň esasy ugry ýerli inženerçilik başarnyklaryny döretmek üçin NVIDIA ýaly dünýäniň IT pudagynyň liderleri bilen hyzmatdaşlyk bolar. Şol bir wagtda ýurtda signal gijikmesini 45 millisekunda çenli azaltmak üçin Hazar sebitiniň üstünden geçýän süýümli-optiki torlar we maglumatlary geçirmegiň üstaşyr ugurlary giňeldilýär. Durnukly gurşawy üpjün etmek üçin ýerüsti we kosmos aragatnaşygyny birikdirmek meýilleşdirilýär.
Amatly geografiki ýerleşişi we döwlet tarapyndan goldaw berilmegi arkaly Gazagystan bütin Merkezi Aziýa ýurtlaryna sanly we hasaplaýyş hyzmatlaryny hödürlemäge hem-de ählumumy sanly giňişlikdäki orunlaryny berkitmäge çalyşýar.
ORIENT








