HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Italiýa Ispaniýa bilen serhet gözegçiligini ýene 15 gün uzaltdy

Oktýabr 02, 2026 | 20:00 |1568
Çeşme: orient.tm

Italiýa Seuta bilen bagly dowam edýän ýagdaýyň şertlerinde Ispaniýa bilen howa we deňiz serhetlerinde geçirilýän barlaglaryň möhletini ýene 15 gün uzaltdy. «Corriere della Sera» gazetiniň maglumatlaryna görä, bu karar Italiýanyň içeri işler ministri Matteo Piantedosi tarapyndan Immigrasiýa we serhet howpsuzlygyny seljermek boýunça komitetiň mejlisinden soň kabul edildi.

Çäreleriň uzaldylmagy Seutadaky ýagdaýyň dowam etmegi, şeýle hem migrasiýa we serhet bilen bagly töwekgelçilikleriň saklanmagy bilen baglanyşykly. Italiýanyň häkimiýetleri kabul edilen karar barada Ýewropa Komissiýasyna we Ýewropa Bileleşiginiň beýleki ýurtlarynyň içeri işler ministrlerine habar berdiler.

Bu Seutadaky ýagdaýyň ýitileşen pursatyndan bäri wagtlaýyn gözegçiligiň eýýäm üçünji gezek uzaldylmagydyr. Ispaniýadan gelýän ýolagçylar üçin Italiýanyň howa menzillerinde we deňiz portlarynda barlaglar dowam edýär. Bu Şengen zolagynyň içinde serhet gözegçiliginiň wagtlaýyn dikeldilendigini aňladýar.

Mundan ozal, 31-nji iýulda Italiýanyň Premýer-ministri Jorja Meloni Ispaniýadan gelýän üçünji ýurtlaryň raýatlary üçin wagtlaýyn barlaglaryň girizilýändigini yglan edipdi. Ol bu karary milli howpsuzlyk we serhetleri dolandyrmak bilen bagly meseleler bilen düşündiripdi.

Muňa jogap hökmünde Ispaniýa hem şol gün Italiýadan gelýän syýahatçylar üçin gözegçiligi wagtlaýyn dikeltjekdigini yglan etdi.

"CCTV+"-niň habar berşi ýaly, çäreleriň uzaldylmagy Şengen zolagyna girýän iki ýurduň arasyndaky wagtlaýyn gözegçiligiň azyndan ýene 15 gün dowam etjekdigini aňladýar. Mundan beýläkki kararlar Seutadaky ýagdaýyň ösüşine we Italiýanyň häkimiýetleriniň serhet ýagdaýyna beren bahasyna bagly bolar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Nyuşanyň, Hadiseniň, Murat Bozyň we Maýa Diabyň gatnaşmagynda Aşgabatda baýramçylyk konserti geçiriler

Nyuşanyň, Hadiseniň, Murat Bozyň we Maýa Diabyň gatnaşmagynda Aşgabatda baýramçylyk konserti geçiriler

23:30 Oktýabr 05, 2026
Gazagystanly awtor Astanada geçirilen halkara AI-kinofilm festiwalynda ýeňiji boldy

Gazagystanly awtor Astanada geçirilen halkara AI-kinofilm festiwalynda ýeňiji boldy

23:03 Oktýabr 05, 2026
Tramp ABŞ-da «super intellekti» ösdürmek boýunça federal toparyny döretdi

Tramp ABŞ-da «super intellekti» ösdürmek boýunça federal toparyny döretdi

22:00 Oktýabr 05, 2026