HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň küştçi zenanlary Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda kümüş medal gazandy

Sentýabr 30, 2026 | 09:30 |1824
Türkmenistanyň küşt boýunça zenanlar ýygyndysy Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda ajaýyp netije gazandyTürkmenistanyň küşt boýunça zenanlar ýygyndysy Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda ajaýyp netije gazandy
Çeşme: TKF

Türkmenistanyň küşt boýunça zenanlar ýygyndysy Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda ajaýyp netije gazandy. Ýaryşyň jemleýji güni — 27-nji sentýabrda türkmenistanly türgenler Belarusyň ýygyndysyny 3,5:0,5 hasabynda ynamly ýeňip, «B» reýting toparçasynda kümüş medallara mynasyp boldular. Umumy hasapda topar dünýäniň 190 ýygyndysynyň arasynda 33-nji orna çykdy.

Zenanlar ýygyndysy üçin bu yzly-yzyna gazanylan ikinji Olimpiýa medaly boldy: iki ýyl mundan ozal Budapeştde geçirilen ýaryşda türkmenistanly küştçi zenanlary «C» toparçasynda altyn medal gazanypdylar. Has güýçli topara geçenden soň hem ýygyndy ýene-de münberden orun aldy we diňe goşmaça görkezijiler boýunça Horwatiýadan yza galdy. Ýaryşyň aýgytlaýjy tapgyrlarynda türkmen türgenleri Gyrgyzystanyň ýygyndysyny 4:0 hasabynda ýeňip, Belarusyň toparyndan hem üstün çykdylar.

ШФТ Awards Ceremony 3

Ýaryşyň esasy açyşy Mähri Agamyradowa boldy. Ol dördünji tagtada 10 oýunda 7,5 utuk toplady. Şeýle hem ol FIDE ussady (WFM) derejesiniň talabyny we ilkinji gezek halkara ussady (WIM) derejesiniň kadalaryny ýerine ýetirdi. Leýla Şöhradowa (11 oýunda 7 utuk), Jahan Rejepowa, Lala Şöhradowa we Ogulsuraý Baýrambaýewa umumy üstünlige uly goşant goşdular.

Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň baş sekretary we zenanlar ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Kakabaýew şeýle belledi:

«Her bir türgen soňky aýlarda geçirilen güýçli taýýarlygyň netijesinde ösüşini tassyklady. Gyzlar başlangyç reýtinglerindäki ornundan has ýokary netije görkezdiler. Yzygiderli alnyp barlan işleriň netijesinde ýygyndy Olimpiada iň gowy sport ýagdaýynda geldi».

Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy hem üstünlikli çykyş edip, 206 ýygyndynyň arasynda 64-nji orny eýeledi. Şahsy üstünlikleriň iň esasylarynyň biri Amanmuhammet Hommadowyň halkara ussady (IM) derejesiniň soňky kadalaryny ýerine ýetirmegi boldy. Wepaly Halynýazow hem ýokary derejeli oýun görkezip, dört oýunda dört ýeňiş gazandy. Şeýle hem grossmeýster Meýlis Annaberdiýew ýokary derejeli çykyş etdi.

Türkmen küştçileriniň üstünligi 2026-njy ýylyň ýanwaryndan bäri alnyp barlan yzygiderli taýýarlygyň netijesi boldy. Taýýarlyk maksatnamasynyň çäginde Aşgabatda türgenleşikler we halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary geçirildi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň küştçi zenanlary Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda kümüş medal gazandy

Türkmenistanyň küştçi zenanlary Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda kümüş medal gazandy

09:30 Sentýabr 30, 2026
Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

20:00 Sentýabr 29, 2026
Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

18:00 Sentýabr 29, 2026