HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TOHI-de meteorologiýa we klimatologiýa boýunça I internet ders bäsleşigi geçiriler

Sentýabr 30, 2026 | 09:13 |186
Türkmen Oba hojalyk instituty ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda meteorologiýa we klimatologiýa boýunça I açyk internet ders bäsleşigini geçirerTürkmen Oba hojalyk instituty ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda meteorologiýa we klimatologiýa boýunça I açyk internet ders bäsleşigini geçirer
Çeşme: education.gov.tm

Türkmen Oba hojalyk instituty ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda meteorologiýa we klimatologiýa boýunça I açyk internet ders bäsleşigini geçirer. Bu intellektual bäsleşik ýaşlaryň nazary bilimlerini berkitmäge, ylmy işe bolan gyzyklanmany höweslendirmäge we zehinli ýaş hünärmenleri ýüze çykarmaga gönükdirilendir.

Bäsleşige Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň islendik hünäriniň 2–4-nji ýyl talyplary gatnaşyp bilerler. Her bir okuw mekdebi mugallymyň ýolbaşçylygynda 5 adama çenli düzümde topar hödürläp biler. Ders bäsleşigi şahsy görnüşde, türkmen dilinde geçiriler we 50 sany test soragyndan hem-de meselelerden ybarat bolar. Olary çözmek üçin 90 minut wagt berilýär.

Bäsleşik 28-nji oktýabrda sagat 15:00-da Zoom platformasynyň üsti bilen wideo gözegçiligi astynda onlaýn görnüşde geçiriler. Gatnaşmak üçin arzalar 22-nji oktýabra çenli tohi_tm@sanly.tm elektron poçta salgysyna kabul edilýär. Iň köp utuk toplan ýeňijiler we baýrakly orunlaryň eýeleri I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanar.

Gatnaşmagyň düzgünleri bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi internet sahypasynda tanşyp bolýar.

Habarlaşmak üçin:

Telefon: +993 61978564, +993 63775659

E-mail: tohi_tm@sanly.tm

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýandeks Sona neýrotoruny döretdi: aýdym-saz maslahatlary has takyk we şahsylaşdyrylan boldy

Ýandeks Sona neýrotoruny döretdi: aýdym-saz maslahatlary has takyk we şahsylaşdyrylan boldy

11:04 Oktýabr 03, 2026
Gazagystan Merkezi Aziýada emeli añ merkezine öwrülmegi maksat edinýär

Gazagystan Merkezi Aziýada emeli añ merkezine öwrülmegi maksat edinýär

10:54 Oktýabr 03, 2026
Wirtual aktiwlerden halkara arbitraža çenli: Türkmenistanyň maýa goýum forumy 2026 ikinji güni

Wirtual aktiwlerden halkara arbitraža çenli: Türkmenistanyň maýa goýum forumy 2026 ikinji güni

22:05 Oktýabr 02, 2026