Aşgabatda talyplaryň arasynda «Ýaş telekeçiler meýdançasy – 2026» Hakaton bäsleşigini geçiriler


Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Ýaş telekeçiler meýdançasy – 2026» atly Hakaton bäsleşiginiň geçiriljekdigini yglan etdi.
Taslamanyň esasy maksady ýaşlaryň innowasion pikirlerini goldamak we olary hakyky startaplara öwürmekden ybarat. Bäsleşik häzirki zaman ykdysadyýetiniň IT we akylly tehnologiýalar (AI, FinTech), elektron söwda, ekologiýa ugurly startaplar (GreenTech), şeýle hem saglygy goraýyş, bilim we syýahatçylyk üçin hyzmatlar ýaly esasy ugurlaryny öz içine alýar.
Hakatona Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň islendik hünärinde okaýan talyplary gatnaşyp bilerler — bir ýokary okuw mekdebinden üç adama çenli. Bäsleşik türkmen dilinde geçirilip, 80 soragdan we 20 meseleden ybarat şahsy test görnüşinde bolar. Ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin 90 minut wagt berilýär, iň ýokary netije 100 bal bilen kesgitlenýär. Test 21–22-nji oktýabrda sagat 14:00-da Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Sanly tehnologiýalar fakultetiniň binasynda geçiriler.
Gatnaşyjylary hasaba almak 1–14-nji oktýabr aralygynda geçirilýär. Ýokary okuw mekdepleriniň jogapkär mugallymlary talyplaryň maglumatlaryny öz içine alýan arzalary hstuolimpiada@gmail.com elektron poçta salgysyna ibermelidirler.
Bäsleşigiň netijeleri test tamamlanandan soň bir iş gününiň dowamynda hstu.edu.tm resmi internet sahypasynda ýerleşdiriler.
Iň ýokary bal gazanan ýeňijilere we baýrakly orun eýelerine I, II we III derejeli diplomlar gowşurylar.
Hakaton-bäsleşigini geçirmegiň doly maglumatlary bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi internet sahypasynda tanşyp bolýar.
Habarlaşmak üçin:
Telefon: +993 71667699
E-mail: hstuolimpiada@gmail.com.
ORIENT









