YHG ýurtlary 20 ýyllyk arakesmeden soň senagat boýunça ministrler derejesindäki dialogy täzeden ýola goýdy


23-nji sentýabrda Duşenbede geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň senagat boýunça dördünji ministrler duşuşygy sebitleýin ykdysady integrasiýany pugtalandyrmakda we tehnologik döwrebaplaşdyrmagy ösdürmekde möhüm ädim boldy. Duşuşyk Ikinji halkara dokma forumynyň çäklerinde geçirildi.
Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň degişli ministrleriniň hem-de wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyk sebit ýurtlarynyň durnukly önümçilik zynjyrlaryny döretmäge we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge bolan ymtylyşyny görkezdi. Gepleşikleriň esasy ähmiýeti sebitdäki öňdebaryjy guramalaryň tagallalaryny birleşdirmek üçin platformanyň döredilmeginden ybarat boldy. Şol sanda «GDA goşmak» görnüşiniň peýdalanylmagy GDA bilen YHG-nyň arasynda institusional dialog üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Duşuşyga gatnaşyjylar bilelikdäki senagat taslamalaryny öňe ilerletmegiň, çig maly çuňňur gaýtadan işlemegiň we sebit ykdysadyýetleriniň durnuklylygyny hem-de ösüş depginini saklamaga mümkinçilik berýän söwda gatnaşyklaryny ösdürmegiň mehanizmlerine jikme-jik garadylar. Duşuşygyň esasy jemleýji resminamasy hökmünde sebitleýin senagat hyzmatdaşlygyny dikeltmek boýunça Jarnama kabul edildi. Bu resminama uzak möhletleýin geljek üçin bilelikdäki maýa goýum maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň we senagat kooperasiýasyny giňeltmegiň binýadyny goýdy.






