Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň sanly gümrük ekoulgamyny döretmek taslamasyna goşuldy


Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 15–17-nji sentýabrynda Hytaý Halk Respublikasynda gümrük forumynyň meýdançasynda geçirilen degişli Iş toparynyň birinji mejlisine gatnaşdy. Duşuşykda Hytaýyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň gümrük edaralarynyň wekilleri jemlenip, emeli aň tehnologiýalaryna, maglumatlaryň akylly seljermesine we töwekgelçilikleri dolandyrmagyň öňdebaryjy algoritmlerine esaslanýan, gözegçiligiň düýbünden täze sanly ekoulgamyny döretmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Gepleşikleriň esasy amaly netijesi sebitiň degişli edaralarynyň arasynda maglumatlary dessin alyşmak üçin «Hyzmatdaşlygyň tertibi» atly resminamanyň taslamasyny ylalaşylmagy boldy. 2027-nji ýylda geçiriljek «Hytaý – Merkezi Aziýa» üçünji sammitinde gol çekilmegi meýilleşdirilýän bu strategik mehanizm serhetlerden ýükleriň geçirilmegini düýpli çaltlandyrmaga, gözden geçirmegiň takyklygyny ýokarlandyrmaga we söwda ýollarynyň iň ýokary derejede aýdyňlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Ilkinji amaly ädim hökmünde taraplar maglumatlary synag görnüşinde alyşmagyň ýola goýulmagy meselesini işläp taýýarlamak barada ylalaşdylar. Iş toparynyň indiki mejlisi Gazagystanda geçiriler. Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini «birinji çeşmeden» öwrenmäge we milli gümrük ulgamyny tehnologik taýdan mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça anyk başlangyçlaryň toplumyny işläp taýýarlamaga mümkinçilik berdi.






