HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanly mugallymlar Ýaponiýada okuw we ylmy barlaglary geçirerler

Sentýabr 26, 2026 | 05:16 |2259
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlary magistraturada okamak we ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin Ýaponiýa ugradyldyTürkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlary magistraturada okamak we ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin Ýaponiýa ugradyldy
Çeşme: bilim.tm

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlary magistraturada okamak we ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin Ýaponiýa ugradyldy. Sukuba uniwersitetinde geçiriljek okuw we ylmy tejribe 2026-njy ýylyň sentýabryndan 2029-njy ýylyň mart aýyna çenli dowam eder.

Bu sapar Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) «Durnukly Ösüş Maksatlary boýunça Ählumumy Lider» («Global Leader of SDGs») maksatnamasynyň çäklerinde guralýar. Okuw sapary Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Sukuba uniwersitetiniň 2025-nji ýylyň aprelinde wodorod energiýasy boýunça bilelikdäki ylmy-barlaglar babatda hyzmatdaşlyk etmek baradaky gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamasyna esaslanýar.

Okuw maksatnamasyna kiberfiziki ulgamlar kafedrasynyň mugallymy Wepa Abdysetdarow we himiki tehnologiýalar kafedrasynyň mugallymy Mergen Nunnakow gatnaşýar. Iki ýarym ýylyň dowamynda ýaş alymlar wodorod energetikasynyň tehnologiýalaryny we durnukly ösüş usullaryny öwrenerler.

Ýaponiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdebinde hünärmenleriň taýýarlanmagy dünýäniň ösen tejribesini Türkmenistanyň ýokary tehnologiýalaryny we ekologiýa taýdan arassa energetikasyny ösdürmekde ulanmaga mümkinçilik berer.

*ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026