Azerbaýjanyň «Formula-1» Gran-prisi tomaşaçylaryň sany boýunça rekord goýdy


Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçirilen «Formula-1» Gran-prisiniň onunjy tapgyry tomaşaçylaryň sany boýunça täze rekord goýdy: daşary ýurtly myhmanlaryň sany 16 müň adamdan geçdi. Deňeşdirmek üçin, geçen ýyl bu tapgyra 14 müň daşary ýurtly janköýer gatnaşypdy. «Baku şäher halkasy» kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, şu ýylky görkeziji awtosportyň şa görnüşiniň paýtagtda geçirilip başlan gününden bäri iň ýokary görkeziji boldy.
Ýaryş ýolundaky gyzgalaňly göreşden başga-da, ýaryş dynç günleri baý medeni we güýmenje maksatnamasy bilen hem ýatda galdy. Deňizýaka milli seýilgähiniň çäginde Azerbaýjanyň Awtomobil federasiýasy nusgawy awtoulaglaryň sergisini gurady. Janköýerler zolagynda tomaşaçylar täsin retro nusgalary görmäge we awtoulag senagatynyň dürli döwürlerine syýahat etmäge mümkinçilik aldylar.
Guramaçylar Bakudaky tapgyryň ýaryşdan daşardaky iň gowy on pursadynyň netijelerini hem jemlediler. Iň gowy pursatlaryň hataryna Daniel Rikkardonyň meşhur «Well done, Baku» diýen sözleri, orta asyr gala toplumy bolan Içerişäheriň diwarlarynyň golaýyndaky meşhur 8-nji öwrüm, şeýle hem paddokyň ýüňli ýyldyzy — ýaryş toparlarynyň sosial ulgamlaryny eýelän pişik girdi.
Azerbaýjanyň Gran-prisi dünýä awtosport senenamasyndaky iň täsirli we myhmansöýer tapgyrlaryň biri hökmünde öz derejesini ýene-de bir gezek tassyklady.
ORIENT








