Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi


Hindistanyň ýarymgeçirijiler pudagynda işleýän Aheesa Digital Innovations startapy ýurduň özünde öndürilen Vihaan-I prosessoryny tanyşdyrdy. Işläp taýýarlama açyk RISC-V arhitekturasynyň esasynda giň zolakly tor enjamlary üçin döredildi. Bu bolsa ýurda daşary ýurt tehnologiýalaryna bolan garaşlylygyny azaltmaga mümkinçilik berýär.
Kompaniýanyň inženerleri prosessoryň işleýän nusgasyny eýýäm döretdiler we üstünlikli synagdan geçirdiler. Taslamanyň esasy maksady doly taýýar çipdäki ulgam (SoC) görnüşini köpçülikleýin önümçilige goýbermek we 2027-nji ýyla çenli ony täjirçilik bazaryna çykarmakdan ybarat.
RISC-V arhitekturasyna geçmek Hindistan üçin strategik ädim boldy. Açyk standart üçünji tarap korporasiýalaryna ygtyýarnama tölegleriniň tölenmegini talap etmeýär, şeýle hem çipleri anyk wezipelere laýyklykda taslamakda ýokary çeýeligi üpjün edýär. Vihaan-I üçin bolsa telekommunikasiýa enjamlaryna we tor infrastrukturasyna gönükdirilen ugur saýlandy.
Häzirki tapgyrda işläp düzüjiler ulgamy kämilleşdirmek işlerini dowam etdirýärler. Aheesa Digital Innovations kompaniýasy üçin esasy synag 2027-nji ýylda bolar. Şonda işleýän nusgany täjirçilik taýdan satuwa çykarmaga taýýar önüme öwürmek göz öňünde tutulýar.
ORIENT







