Türkmenistanda ozon gatlagyny goramak boýunça ýaşlaryň arasynda makalala bäsleşigi yglan edildi


«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi 10–12-nji synp okuwçylarynyň we talyplaryň arasynda döredijilik bäsleşigini yglan edýär. Bu taslama Ozon gatlagyny goramagyň halkara gününe bagyşlanyp, ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini ösdürmäge gönükdirilendir.
Bäsleşik işleriniň mowzugy — «Ozon gatlagyny goramak näme üçin möhüm?»
Bäsleşige ýurdumyzyň ähli orta we ýokary okuw mekdepleriniň islendik isleg bildirýän okuwçylary we talyplary gatnaşyp bilerler. Makalalar türkmen, rus ýa-da iňlis dillerinde kabul edilýär.
Işleriň taýýarlanylyşyna bildirilýän talaplar:
Göwrümi: A4 formatyndaky azyndan 2 sahypa (14 pt şrift bilen).
Işleri kabul etmegiň soňky möhleti: 2-nji oktýabra çenli.
Ibermegiň usuly: elektron poçta arkaly — tebigatchy.jemg@gmail.com. Hatda «Ozon-makala» diýen bellik görkezilmelidir.
Iş bilen bilelikde iberilýän hatda bäsleşige gatnaşyjynyň ady, familiýasy, okaýan okuw mekdebi, öý salgysy we habarlaşmak üçin telefon belgisi görkezilmelidir.
1-nji, 2-nji we 3-nji orunlary eýelän ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşurylar. Bu ýaşlar üçin öz döredijilik başarnyklaryny görkezmäge hem-de ekologik meselelerine jemgyýetçiligiň ünsüni çekmäge öz goşantlaryny goşmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
Habarlaşmak üçin:
Telefonlar: +(993 12) 37-46-78, +(993 64) 26-84-32
E-mail: tebigatchy.jemg@gmail.com
ORIENT









