Türkmenistanyň mugallymlary Moskwada geçirilen halkara foruma gatnaşdylar


Türkmenistanyň mugallymlary we alymlary Moskwada geçirilen «Häzirki zaman bilimi. Möhüm meseleler we çözgütler» atly halkara ylmy-amaly onlaýn maslahatyna gatnaşdylar. Russiýanyň Tebigy ylymlary akademiýasynyň (RTYA) professory Kirill Bizenkowyň başlyklyk etmeginde geçirilen foruma Türkmenistanyň, Russiýanyň, Belarusyň we Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri hem-de ylmy hünärmenleri gatnaşdylar.
Maslahatyň esasy mowzugy bilim bermegiň usulyýetlerini döwrebaplaşdyrmak boldy. Onda emeli aňyň ornaşdyrylmagyndan we okuw işiniň sanlylaşdyrylmagyndan başlap, ruhy-ahlak terbiýesine, lukmançylyk we oba hojalygy ugurlary üçin hünärmenleri taýýarlamaga çenli dürli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Halkara bilermenler jemgyýetinde aýratyn gyzyklanma türkmen hünärmenleriniň amaly işläp taýýarlamalary döretdi. Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bilim işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyryş bölüminiň müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory, dosent S.K. Durdyýew we şol institutyň tebigy hem-de takyk ylymlar bölüminiň uly ylmy işgäri A.S. Sähetmyradowa «Türkmenistanyň mekdeplerinde geografiýa biliminde häzirki zaman sanly tehnologiýalaryndan peýdalanmak» atly nutuk bilen çykyş etdiler.
Şeýle hem Türkmenistanyň S.A. Nyýazow adyndaky Oba hojalyk uniwersitetiniň tokaý hojalygy we tokaý-seýilgähleri dolandyrmak kafedrasynyň mugallymy, ylymlar kandidaty alymlyk derejesini almak üçin dalaşgär G.A. Allagulyýewa okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça öz tejribesini paýlaşdy.
Şeýle halkara platformalara gatnaşmak türkmen mugallymlaryna daşary ýurtly kärdeşleri bilen öňdebaryjy tejribe alyşmaga, ylmy gatnaşyklary ýola goýmaga we akademiki dialogy ösdürmäge mümkinçilik berýär. Täzeçil çemeleşmeleriň we sanly gurallaryň ornaşdyrylmagy Türkmenistanyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak hem-de ony dünýäniň ylym-bilim giňişligine goşmak boýunça döwlet wezipeleriniň çözülmegine gönüden-göni ýardam edýär.
ORIENT









