«Tejenkarbamid» zawody dökünleriň önümçiligini artdyrar


Himiýa senagatynyň kärhanalarynyň durnukly işlemegini üpjün etmek we olaryň önümçilik kuwwatyny iň ýokary derejede peýdalanmak 18-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedowyň hasabatynyň esasy meseleleriniň biri boldy. Bu ugurda görüljek amaly çäreleriň biri hem «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Tejenkarbamid» zawodynyň netijeli işlemegini üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi bolar.
Tejen karbamid zawody ýurdumyzyň oba hojalyk senagat toplumyny gymmatly azotly dökünler bilen üpjün edýän, şäher emele getiriji himiýa önümçilik kärhanalarynyň hataryna girýär. Kärhananyň önümçilik kuwwatynyň pugtalandyrylmagy diňe bir ekerançylyk we ösümlikleriň ösüş döwürlerinde içerki oba hojalyk öndürijileriniň barha artýan dökünlere bolan isleglerini doly kanagatlandyrmaga däl, eýsem ýokary isleg bildirilýän himiýa önümleriniň daşary ýurt bazarlaryna eksport edilýän möçberlerini hem ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Tejenkarbamid» zawodynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmäge we onuň önümçilik kuwwatyndan iň ýokary derejede peýdalanmaga gönükdirilen degişli Karara gol çekdi hem-de resminamanyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna tabşyrdy.







