Türkmenistanda 2026-njy ýylyň güýzki harby gulluga çagyryş çäresi başlaýar


Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow bellenen gulluk möhletini tamamlan harby gullukçylary ätiýaçlyga boşatmak we raýatlary nobatdaky harby gulluga çagyrmak barada Permana hem-de degişli Buýruga gol çekdi.
Döwlet Baştutanynyň Permanyna laýyklykda, 2026-njy ýylyň oktýabr aýyndan dekabr aýyna çenli döwürde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby borjuny doly ýerine ýetiren çagyryş boýunça harby gullukçylar ätiýaçlyga boşadylar.
Şol bir wagtyň özünde, görkezilen aýlarda çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan, harby gulluga çagyryşdan boşamak ýa-da harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk Türkmenistanyň erkek raýatlary, harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugyny ýitiren, ýaşy 27-ä çenli bolan Türkmenistanyň erkek raýatlary harby gulluga çagyrylar. Resminama çap edilen gününden herekete girýär.
Kadalaşdyryjy hukuk namasyny ýerine ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň, Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Döwlet serhet gullugynyň, Prezidentiň Howpsuzlyk gullugynyň we Döwlet migrasiýa gullugynyň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň Kanunynda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary harby gullukdan boşatmagy meýilnamalara laýyklykda dabaraly ýagdaýda geçirmek, söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda tapawutlananlary höweslendirmek tabşyryldy.






