HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi we GIZ Hazarüsti geçelgesiniň taslamasy boýunça sanly hyzmatdaşlygy giňeldýär

Sentýabr 16, 2026 | 06:05 |8133
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Söwda amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça pudagara iş toparynyň Sekretariatynyň işini üpjün etmek üçin IT enjamlary gowşuryldy. Enjamlary tabşyrmak işi 15-nji sentýabrda Germaniýanyň Hökümeti we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän GIZ-niň sebit maksatnamasynyň çäklerinde geçirildiTürkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Söwda amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça pudagara iş toparynyň Sekretariatynyň işini üpjün etmek üçin IT enjamlary gowşuryldy. Enjamlary tabşyrmak işi 15-nji sentýabrda Germaniýanyň Hökümeti we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän GIZ-niň sebit maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi
Çeşme: GIZ Service Office Turkmenistan

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Söwda amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça pudagara iş toparynyň Sekretariatynyň işini üpjün etmek üçin IT enjamlary gowşuryldy. Enjamlary tabşyrmak işi 15-nji sentýabrda Germaniýanyň Hökümeti we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän GIZ-niň sebit maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi.

Taslama Hazarüsti ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerini ösdürmäge we Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýeňilleşdirmäge gönükdirilendir. Şu ýyl döredilen we ýurduň esasy ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylaryny birleşdirýän pudagara iş topary eksport-import we üstaşyr amallary wagtynda administratiw päsgelçilikleri azaltmaga mümkinçilik berjek milli we sebit başlangyçlaryny işläp düzmek bilen meşgullanýar.

turkmenistan-giz-trans-caspian-corridor-trade-facilitation-tech-support (1).JPG

Sekretariaty häzirki zaman tehniki enjamlar bilen üpjün etmek Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) arasynda gol çekilen Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň durmuşa geçirilmegindäki nobatdaky amaly ädim boldy. Iş prosesleriniň sanlylaşdyrylmagynyň daşary söwdanyň häzirki zaman standartlarynyň ornaşdyrylmagyny çaltlandyrmagyna, şeýle hem Türkmenistanyň sebitiň ýurtlary we Ýewropa Bileleşigi bilen ykdysady-logistika gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam bermegine garaşylýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Nyuşanyň, Hadiseniň, Murat Bozyň we Maýa Diabyň gatnaşmagynda Aşgabatda baýramçylyk konserti geçiriler

Nyuşanyň, Hadiseniň, Murat Bozyň we Maýa Diabyň gatnaşmagynda Aşgabatda baýramçylyk konserti geçiriler

23:30 Oktýabr 05, 2026
Gazagystanly awtor Astanada geçirilen halkara AI-kinofilm festiwalynda ýeňiji boldy

Gazagystanly awtor Astanada geçirilen halkara AI-kinofilm festiwalynda ýeňiji boldy

23:03 Oktýabr 05, 2026
Tramp ABŞ-da «super intellekti» ösdürmek boýunça federal toparyny döretdi

Tramp ABŞ-da «super intellekti» ösdürmek boýunça federal toparyny döretdi

22:00 Oktýabr 05, 2026