HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Nvidia «Time» neşiriniň maglumatyna görä dünýäniň iň gowy kompaniýalarynyň sanawynyň öňdebaryjysy, Apple — üçünji ýerde

Sentýabr 14, 2026 | 23:39 |3909
«Time» žurnaly dünýäniň iň gowy kompaniýalarynyň täzelenen ýyllyk sanawyny çap etdi. Sanawa 100 baldan 97,51 bal toplap, çip öndürijisi Nvidia ýolbaşçylyk etdi«Time» žurnaly dünýäniň iň gowy kompaniýalarynyň täzelenen ýyllyk sanawyny çap etdi. Sanawa 100 baldan 97,51 bal toplap, çip öndürijisi Nvidia ýolbaşçylyk etdi
Çeşme: time.com

«Time» žurnaly dünýäniň iň gowy kompaniýalarynyň täzelenen ýyllyk sanawyny çap etdi. Sanawa 100 baldan 97,51 bal toplap, çip öndürijisi Nvidia ýolbaşçylyk etdi. Apple korporasiýasy ilkinji 10-luga dolanyp gelmegi başardy we 93,16 bal reýtingi bilen üçünji orunda ýerleşdi.

Sanaw düzülende bilermenler korporasiýalara üç sany esasy ölçeg boýunça baha berdiler: işgärleriň kanagatlanma derejesi, üç ýylyň dowamynda girdejiniň ösüş dinamikasy we ekologik durnuklylyk görkezijileri.

Üstünligiň faktorlary we öňdäki orunlar

Apple-yň ilkinji üçlüge dolanyp gelmegine girdejiniň ýokary ösüş depgini ýardam etdi — tomusda kompaniýa ýyllyk görkezijide girdejiniň 10% artandygyny bellige aldy. Ýöne ekologik durnuklylyk ölçegi boýunça tehnologiýa ägirdi 24-nji ýere düşdi, işgärleriň rahatlyj derejesinde bolsa Microsoft we IBM kompaniýalaryndan yza galdy.

Nvidia-nyň öňdeligi we AMD çip öndürijisiniň onluga girmegi emeli añ tehnologiýalarynyň global derejedäki ösmegi bilen baglanyşyklydyr, bu bolsa olaryň hasaplaýyş kuwwatyna bolan islegi güýçlendirdi.

Beýleki ägirtleriň ýagdaýlary

Sanawyň ýokary bölegine Meta (4-nji ýer), Microsoft (6-njy ýer) we Deutsche Telekom (7-nji ýer) hem girdiler. Beýleki iň uly tehnologik brendleri aşakda ýerleşdiler: Lenovo 51-nji, Dell — 114-nji, Samsung — 153-nji, TSMC bolsa — 182-nji orny eýeledi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026