HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we ÝB Hazarüsti geçelgesiniň ugrunda gümrük amallaryny utgaşdyrýar

Sentýabr 14, 2026 | 13:36 |4093
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri 7–9-njy sentýabrda Warşawada geçirilen gümrük dolandyryşy boýunça halkara seminara gatnaşdylar. Duşuşyk Ýewropa Bileleşigini Merkezi Aziýanyň, Gara deňiz sebitiniň we Günorta Kawkazyň ýurtlary bilen birleşdirýän ulag ugurlarynda sebitara arabaglanyşygy ösdürmek we «dar ýerleri» aradan aýyrmak meselelerine bagyşlandyTürkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri 7–9-njy sentýabrda Warşawada geçirilen gümrük dolandyryşy boýunça halkara seminara gatnaşdylar. Duşuşyk Ýewropa Bileleşigini Merkezi Aziýanyň, Gara deňiz sebitiniň we Günorta Kawkazyň ýurtlary bilen birleşdirýän ulag ugurlarynda sebitara arabaglanyşygy ösdürmek we «dar ýerleri» aradan aýyrmak meselelerine bagyşlandy
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri 7–9-njy sentýabrda Warşawada geçirilen gümrük dolandyryşy boýunça halkara seminara gatnaşdylar. Duşuşyk Ýewropa Bileleşigini Merkezi Aziýanyň, Gara deňiz sebitiniň we Günorta Kawkazyň ýurtlary bilen birleşdirýän ulag ugurlarynda sebitara arabaglanyşygy ösdürmek we «dar ýerleri» aradan aýyrmak meselelerine bagyşlandy.

Bilermenler forumyny Ýewropa Komissiýasy, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) we Polşanyň Milli salgyt administrasiýasy gurady. Seminara 15 döwletiň wekiliýetleri, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň degişli ugur boýunça bilermenleri we Hazarüsti ulag geçelgesiniň (Orta geçelgäniň) geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak boýunça işleýän BMG-niň düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bilelikdäki işleriň esasy ugry serhet gözegçiligini sanlylaşdyrmaga we standartlaşdyrmaga gönükdirildi. Gatnaşyjylar Bütindünýä Gümrük Guramasynyň öňdebaryjy standartlaryny ornaşdyrmak, milli «Bitewi penjire» (Single Window) ulgamlaryny birleşdirmek, şeýle hem öňünden maglumat alyşmak arkaly serhetlerden geçmegiň wagtyny ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýän eTIR sanly üstaşyr ulgamyny iş ýüzünde ulanmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Halkara howpsuzlygyň derejesini peseltmezden, ak ýürekli daşaýjylar üçin «ýaşyl geçelgeden» geçişi çaltlandyrmaga mümkinçilik berýän töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamlaryna hem aýratyn üns berildi. Amaly bölümiň çäklerinde türkmen wekiliýeti polşaly kärdeşleriniň sanly infrastrukturasynyň, döwrebap IT gurallarynyň, ykjam gözden geçiriş toparlarynyň we stasionar gözegçilik-gözden geçiriş toplumlarynyň (uly göwrümli ýükleri skanirleýji enjamlaryň) işi bilen tanyşdy. Şeýle hem wekiliýetiň agzalary Warşawanyň Gümrük müdirligine baryp, halkara ýükleri hakyky wagt tertibinde resmileşdirmegiň algoritmlerini öwrendiler.

Polşada geçirilen üç günlük işiň esasy amaly netijesi ýük daşamalarynda infrastruktura we administratiw päsgelçilikleri aradan aýyrmak boýunça çözgütleriň işlenip taýýarlanylmagy boldy. Wekiliýetler Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky üstaşyr geçişi çaltlandyrmak üçin ýol kartasy bolup hyzmat etjek gümrük amallaryny utgaşdyrmak boýunça Bilelikdäki hereketler meýilnamasyny taýýarlamaga girişdiler, şeýle hem öňde boljak ikitaraplaýyn gepleşikleriň gün tertibini ylalaşdylar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

19:00 Oktýabr 26, 2026