Owgan işewürleri Aşgabatdaky maýa goýum forumyna çagyryldy


Türkmenistanyň we Owganystanyň Söwda-senagat edaralary hususy pudaklaryň arasynda göni hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýärler. Işewür gatnaşyklary giňeltmek we üstaşyr ulag ugurlaryny ösdürmek boýunça amaly ädimler Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçisi Hoja Öwezow bilen Owganystanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy Said Karim Haşeminiň arasynda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gepleşikleriň dowamynda owgan telekeçilerini 1–2-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň giň gerimli Maýa goýum forumyna (TIF 2026) çagyrmak baradaky teklip beýan edildi.
Taraplar serhetýaka infrastrukturasynyň bökdençsiz işlemegine aýratyn üns berdiler. Owganystanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylygy möhüm söwda we logistika merkezleri bolan Turgundy (Hyrat welaýatynda) we Akina (Farab welaýatynda) serhet geçelgeleriniň kadaly işleýändigini tassyklady. Bu geçelgeler arkaly täjirçilik awtoulaglarynyň päsgelçiliksiz geçirilmegi Türkmenistanyň Günorta Aziýa ýurtlary bilen arasyndaky ýük akymynyň artmagy üçin möhüm şert bolmagynda galýar.







