HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Akmaýanyň Ýolunda özboluşly himiki düzümi bolan Ýere meňzeş ekzoplanetalar ýüze çykaryldy

Sentýabr 10, 2026 | 23:58 |1723
Galaktikamyzyň çäginde esasan metallardan we silikatlardan ybarat bolan demir-daşly, Ýere meňzeş ekzoplanetalar barGalaktikamyzyň çäginde esasan metallardan we silikatlardan ybarat bolan demir-daşly, Ýere meňzeş ekzoplanetalar bar
Çeşme: science.mail.ru

Galaktikamyzyň çäginde esasan metallardan we silikatlardan ybarat bolan demir-daşly, Ýere meňzeş ekzoplanetalar bar. Gurluşy boýunça olar Ýere, Wenera, Merkuriýa we Marsa meňzeşdir, emma olaryň himiki düzümi Gün ulgamynda bize mälim bolan görkezijilerden düýpgöter tapawutlanyp biler. Bu barada TASS habar berýär.

Uzakdaky älem jisimleri öwrenilende astronomlar diňe bir olaryň massasyny, radiusyny we temperaturasyny däl, eýsem içki gurluşlarynyň köpdürlüligini hem göz öňünde tutýarlar. Akmaýanyň Ýolunda Ýupiter ýaly gaz ägirtlerinden ýa-da Uran we Neptuna meňzeýän buzly planetalardan başga-da, birnäçe kilometr çuňlukdaky ählumumy umman bilen örtülen «okeanidler» diýlip atlandyrylýan dünýäler hem duş gelýär.

Alymlaryň çaklamalaryna görä, iň täsin kosmos jisimleriniň käbirleri entek açylmagyna garaşýar. Alymlar nazary taýdan ugleroda baý planetalaryň bolup biljekdigini hem çaklaýarlar. Şeýle planetalarda adaty silikat mantiýasynyň ýerine karbidler agdyklyk edip biler. Şeýle çaklanylýan dünýäleriň öwrenilmegi ýyldyz ulgamlarynyň emele gelşi baradaky düşünjeleri ep-esli giňeltmäge mümkinçilik berer.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026