Türkiýede Kaçkar by UTMB 2026 halkara dag ultramarafony ikinji gezek geçiriler


11–13-nji sentýabr aralygynda Rize welaýatynyň Çamlyhemşin daglyk sebitinde Kaçkar by UTMB halkara ultramarafony geçiriler. UTMB World Series dünýä seriýasyna girýän bu abraýly trailran görnüşindäki ýaryş Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň hem-de Syýahatçylygy ilerletmek we ösdürmek agentliginiň (TGA) goldawy bilen geçirilýär.

Şu ýyl «Ýabany ýodajyk» şygary astynda geçiriljek ýaryş has uly gerime eýe bolar: dünýäniň 60 ýurdundan 2000-den gowrak türgeniň badalga almagyna garaşylýar. Deňeşdirmek üçin, geçen ýyl ilkinji gezek geçirilen ýaryşa 59 döwletden 1878 türgen gatnaşypdy, şeýle hem ýaryşa on müňlerçe janköýer tomaşa edipdi.

Ýaryşyň ugry Kaçkar daglarynyň eldegrilmesiz tebigy ýerlerinden — şaglap akýan şarlawuklaryň, gür tokaýlaryň, ýaşyl ýaýlalaryň we belent dag jülgeleriniň üstünden geçýär. Gatnaşyjylar diňe bir ýokary derejeli beden taýýarlygyny däl, eýsem ruhy taýdan hem çydamlylygy talap edýän çylşyrymly tebigy päsgelçilikleri ýeňip geçmeli bolarlar.

«Bulutlaryň üstündäki» bu sport synagy bilen bir hatarda ultramarafon gatnaşyjylara we myhmanlara Türkiýäniň Gara deňiz kenarynyň däp bolan myhmansöýerligi we baý medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik berýär.

Şeýle derejeli ýaryşyň geçirilmegi sebitiň dünýä derejesindäki sport syýahatçylygynyň merkezleriniň biri hökmünde abraýyny has-da berkitmäge we işjeň dynç alşy halaýan adamlary dünýäniň dürli künjeklerinden çekmäge ýardam edýär.
ORIENT








