BAE-de çägäden we hurma çigitlerinden wodorod almak usuly tapyldy


Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Uniwersitetiniň alymlary wodorod öndürmegiň täze ekologiýa taýdan arassa usulyny işläp taýýarladylar. Zerur materialy döretmek üçin olar adaty çöl çägesini, hurma çigitlerinden alnan biokömri we nikeli ulandylar. Bu tehnologiýa elýeterli tebigy serişdeleri we oba hojalyk galyndylaryny arassa energiýanyň gymmatly çeşmesine öwürmäge mümkinçilik berýär.
Iň amatly düzümi tapmak üçin alymlar garyndynyň 30 dürli görnüşini synagdan geçirdiler. Iň netijeli görnüş 42,5% çäge, 42,5% biokömür we 15% nikelden ybarat garyndy boldy. Hurma çigitlerinden alnan kömrüň goşulmagy materialyň öýjükliligini ep-esli ýokarlandyrdy we nikeliň onuň üstünde deň derejede paýlanmagyna mümkinçilik berdi. Bu bolsa tutuş düzümiň himiki işjeňligini artdyrdy.
500–600 °C temperaturada geçirilen ilkinji barlaghana synaglary işläp taýýarlanan materialyň netijeliligini tassyklady: täze material wodorod almak üçin metany üstünlikli dargadýar. Geljekde bu tehnologiýa ekologiýa taýdan arassa ýangyjy öndürmegiň çykdajylaryny azaltmaga we şol bir wagtyň özünde galyndylary gaýtadan peýdalanmak meselesini çözmäge ýardam edip biler.
Barlaglaryň indiki tapgyrynda topar alnan materialyň berkligini we uzak möhletleýin ulanyş şertlerinde işleýşini barlamagy meýilleşdirýär.
ORIENT







