Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde


Niderland işewürleriniň deňiz infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga, gämi gurluşygynda we saglygy goraýyş ulgamynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga gatnaşmagy, şeýle hem metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça ekologik taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Türkmenistan bilen Niderlandlar Patyşalygynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň häzirki gün tertibini emele getirýär. Hyzmatdaşlygyň möhüm ynsanperwer ugry atçylyk däplerini bilelikde ösdürmek bolup durýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde Niderlandlaryň Limburg sebitinde atçylyk boýunça dünýä çempionatyna hem-de ahalteke bedewleriniň bütindünýä gözellik bäsleşiginiň geçirilmegini görkezmek bolar. Bu çäreler iki ýurduň arasyndaky jemgyýetçilik we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýär.
Bular we beýleki amaly hyzmatdaşlyk meseleleri, şeýle hem Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi formatyndaky dialogy işjeňleşdirmegiň ýollary Gaaga şäherinde geçirilen gepleşikleriň esasy meselesi boldy. Ol ýerde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Niderlandlaryň Premýer-ministriniň daşary syýasat we goranmak meseleleri boýunça geňeşçisi Kristofer Ýonker bilen duşuşdy.
Halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda türkmen tarapy öňüni alyş diplomatiýasynyň we bitaraplygyň hukuk mehanizmleriniň ileri tutulýandygyny nygtady. Şeýle hem Türkmenistan öňdebaryjy niderland kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň Aşgabada saparlaryny guramakda, degişli döwlet edaralary we işewür toparlar bilen anyk meseleler boýunça duşuşyklary geçirmekde ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady.







