ABŞ Wenesuelanyň 65 milliard barrelden gowrak nebitine gözegçilik etmäge başlandygyny yglan etdi
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp anna güni Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Wenesuelanyň nebit boýunça ylalaşyga gelendigini mälim etdi. «Amerikanyň Birleşen Ştatlary ýaňy Wenesuela bilen DÜÝNÝÄ TARYHYNDAKY IŇ ULY NEBIT YLALAŞYGYNY baglaşdy!» — diýip, Tramp «Truth Social» sahypasynda ýazdy. Tramp tarapyndan bellenilişi ýaly, Amerikanyň Birleşen Ştatlary hususy eýeçilik pudagy bilen hyzmatdaşlykda «Wenesueladaky 65 milliard barrelden gowrak tassyklanan nebit gorlarynyň 50 göterimden gowrak paýyna amerikan salgyt töleýjilerine hiç hili çykdajy etmezden eýe boldy».
Harby güýç bilen ykdysady bähbit bir ylalaşykda utgaşanda, dünýä diňe bir täjirçilik ylalaşygyna däl, eýsem netijeleri onýyllyklar boýunça duýuljak geosyýasy hereketlere şaýat bolýar. Dünýäde iň uly tassyklanan nebit gorlaryna — takmynan 303 milliard barrel ýa-da dünýä gorlarynyň 17 göterimine eýe bolan Wenesuela, 2026-njy ýylyň ýanwarynda häkimiýet çalşandan soň täze uly oýnuň merkezinde galypdyr. Eýrandaky uruş sebäpli benzin bahasynyň ýiti ýokarlanmagy bilen ýüzbe-ýüz bolan Tramp üçin wenesuela nebitine elýeterlilik strategiki zerurlyga öwrüldi. Emma «taryhy ylalaşyk» baradaky barha batly ýaňlanýan beýanatlaryň arkasynda ýuridik näbellilik, bilermenleriň şübheleri we ABŞ-nyň başga bir garaşsyz ýurduň serişdelerine nähili gözegçilik etjekdigi baradaky soraglar gizlenýär.
Bu ylalaşyk ABŞ-nyň nebit gorlaryny «iki esse gowrak artdyrýar, nebit üpjünçiligimizi ep-esli köpeldýär we ähli amerikanlar üçin ýyllar dowamynda benziniň bahasyny ep-esli aşak düşürer» diýip, Tramp belledi. Emma Tramp ylalaşygyň jikme-jikliklerini getirmedi we Ak Tam şertleri tassyklaýan resmi beýanaty çap etmedi. Şol gün «Bloomberg» agentligi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Wenesuelanyň ägirt uly nebit serişdelerine ABŞ-da hem, Wenesuelada hem kazyýet dawalaryna we syýasy üýtgeşmelere seýrek duçar bolup biljek «öň görülmedik hereket» arkaly gözegçilik etjekdigini habar berdi.
Geçirilen gepleşiklere döwlet sekretary Marko Rubio we goranmak ministri Pit Hegset Wenesuelanyň prezidenti wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Delsi Rodriges bilen birlikde ýolbaşçylyk etdiler. Ylalaşyk 17 sany strategiki nebit ýatagyny özleşdirmegi göz öňünde tutýar we 25 ýyla niýetlenendir. ABŞ bilelikdäki kärhananyň eýeçilik paýyny we nebiti özüne düşýän bahasyndan satyn almak hukugyny öz içine alýan 55 göterim netijeli gözegçiligine eýe bolar. Şeýle hem Rodriges kärhana ýataklary işläp düzmek üçin 100 ýyllyk ýeňillikli möhlet (konsessiýa) berdi. Rubionyň sözlerine görä, bu ylalaşyk Wenesuela takmynan 100 milliard dollar hususy maýa goýumlaryny çeker we 209 milliard dollardan gowrak salgyt töleglerini üpjün eder. Eýrandaky uruş fewral aýynyň ahyrynda başlaly bäri ABŞ-da nebitiň bahasy düýpli ýokarlandy, bu hem inflýasiýa baradaky aladalary döretdi. Wenesuela dünýäde iň uly tassyklanan nebit gorlaryna eýedir.
2026-njy ýylyň ýanwarynda ABŞ Wenesuelada harby amal geçirip, şol wagtky prezident Nikolas Madurony ele saldy we ony neşe terrorizmi aýyplamalary boýunça kazyýetiň öňüne çykarmak üçin Nýu-Ýorka alyp bardy. Şondan soň ýurda ozal wise-prezident wezipesini eýelän Delsi Rodriges ýolbaşçylyk etdi. Öňki prezident Ugo Çawes daşary ýurt eýeçiliklerini onýyllyklar öň millileşdirende, Wenesuelanyň amerikan nebitini «ogurlandygyny» Tramp birnäçe gezek aýtdy. Emma analitikler başga bir ýurtda nebit ýataklaryny kärendesine alýan ABŞ hökümeti üçin hiç hili öňki ýagdaýyň (presedentiň) ýoklugyny, şeýle hem Wenesuelada onuň konstitusiýalygy baradaky soraglary belläp, ylalaşyga şübheli çemeleşýärler. Käbir bilermenler hem bu ylalaşygyň Wenesuelanyň nebit pudagyna maýa goýumlaryny saklan köpýyllyk päsgelçilikleri ýeňip biljekdiginde şübhelenýärler.
«CCTV+» agentliginiň habar berşi ýaly, Trampyň «taryhdaky iň uly nebit ylalaşygy» baradaky beýanaty Waşington bilen Karakasyň arasyndaky dramatiki gatnaşyklardaky ýene bir öwrülişik boldy. Emma resmi jikme-jiklikleriň ýoklugy we bilermenleriň şübheleri ABŞ-nyň Wenesuelanyň nebitine nähili gözegçilik etjekdigi we bu ylalaşygyň hakykatdan hem amerikalylar üçin benziniň bahasyny aşak düşürip biljekdigi barada köp sanly soraglary goýýar. Ýakyn aýlarda bütin dünýä jemgyýetçiligi wakalaryň gidişine üns bilen gözegçilik eder, çünki bu ylalaşygyň netijesine diňe bir Wenesuelanyň geljegi däl, eýsem dünýä energetika bazarlarynyň durnuklylygy hem baglydyr.





