Caviar Geýger hasaplaýjysy bilen iPhone 17 Pro modelini hödürledi


Russiýanyň lýuks modifikasiýalary bilen meşgullanýan Caviar brendi geljekki iPhone 17 Pro seriýasynyň esasynda döredilen konseptual smartfonlaryň eksklýuziw kolleksiýasyny hödürledi. Bu tapgyryň esasy täzeligi radiasiýanyň derejesini ölçemek üçin professional Geýger hasaplaýjysy we içine ýerleşdirilen şweýsar sagat mehanizmi bolan modeldir.
Özboluşly smartfon premium dizaýna we şahsy howpsuzlyga ähmiýet berýän kolleksionerlere we ulanyjylara niýetlenendir. Enjamyň korpusy PVD örtükli berk awiasiýa titanyndan ýasalandyr. Yzky panelde ýerleşdirilen funksional dozimetriň kömegi bilen eýesi islendik wagt daş-töwerekdäki ýa-da azyk önümlerindäki radiasiýanyň derejesini barlap biler.
Kolleksiýa açyk deňagramly mehaniki şweýsar sagatlary we meteorit bölekleri bilen bezelen beýleki modifikasiýalary hem öz içine alýar. Kompaniýanyň dizaýnerleri nusgawy zergärçilik sungatyny häzirki zaman sanly tehnologiýalary bilen utgaşdyryp, diňe bir gajet däl-de, eýsem lýuks predmetini döretdiler.
ORIENT







