Ýaponiýanyň Daşary işler ministri daşary ýurt saparynyň çäklerinde Türkmenistana geler


Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Tosimisu Motegi 29-njy awgustdan 4-nji sentýabr aralygynda Slowakiýa, Awstriýa we Mongoliýa saparyny öz içine alýan daşary ýurt saparynyň çäklerinde Türkmenistana resmi sapar bilen geler. Ýaponiýanyň daşary syýasat edarasy tarapyndan berlen maglumata görä, ministriň daşary ýurt sapary şenbe güni Aşgabat şäherine gelmegi bilen başlanar.
Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek gepleşikleriň dowamynda taraplar energetika, infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem ylmy-tehnologik we innowasion hyzmatdaşlyk ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.
Saparyň esasy maksady strategik dialogy çuňlaşdyrmakdan, erkin we açyk halkara hukuk tertibiniň ýörelgelerini ilerletmekden, şeýle hem Ýaponiýanyň sebitiň ýurtlary bilen ykdysady we tehnologik hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekden ybaratdyr.







