Türkmenistanyň tikinçilik kärhanalary daşarky bazarlara çykmak üçin täze gurallary özleşdirýärler


25–26-njy awgustda Aşgabatda kiçi tikinçilik kärhanalarynyň, tikinçilik ussahanalarynyň we ýerli dizaýnerleriň wekilleri üçin taýýar önümleriň özüne düşýän gymmatyny hasaplamagyň we önümçilik çykdajylaryny optimizirlemegiň usullaryna bagyşlanan amaly okuw-maslahaty geçirildi.
Bilim maksatnamasy Ýewropa Bileleşiginiň maliýeleşdirmeginde durmuşa geçirilýän we kiçi hem orta telekeçiligi hemmetaraplaýyn goldamaga gönükdirilen iri «Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygy we integrasiýasy» taslamasynyň çäklerinde Halkara Söwda Merkezi (HSM) tarapyndan guraldy.
Okuw-maslahata ýurdumyzyň 20-den gowrak tikinçilik brendleriniň we täjirçilik tikinçilik ussahanalarynyň wekilleri gatnaşyp, sargytlaryň düşewüntliligini bahalandyrmak, gizlin çykdajylary ýüze çykarmak we meýilleşdirilen çykdajylary hakyky çykdajylar bilen deňeşdirmek üçin amaly gurallary özleşdirdiler.

Ýöriteleşdirilen mysallaryň seljermesiniň dowamynda gatnaşyjylar serişdeleri tygşytlamak bilen ýokary hilli önümçilik standartlaryny saklamagyň arasynda deňagramlylygy tapmagy, materiallary rejeli biçmegi, işgärleriň iş wagtyny optimizirlemegi we täze enjamlaryň özüni ödemek derejesine baha bermegi öwrendiler.
Maslahatyň amaly häsiýeti gatnaşyjylara önümleriň bahasyny takyk kesgitlemek boýunça başarnyklaryny kämilleşdirmäge mümkinçilik berdi. Bu bolsa türkmen dokma we tikinçilik önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda möhüm şertleriň biri bolar.
HSM-niň we Ýewropa Bileleşiginiň ulgamlaýyn başlangyçlary ýurdumyzyň hususy pudagynyň ornuny berkitmek üçin amatly şertleri döredýär. Bu işler telekeçiligi giňeltmäge, şeýle hem türkmen öndürijileriniň sebit we Ýewropa bazarlaryna çykmagyny ýeňilleşdirmäge ýardam berýär.







