HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň täze Ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Awgust 25, 2026 | 06:08 |5353
24-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Petra Dahtleri kabul etdi. Diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Germaniýanyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň we Federal Kansleri Fridrih Mersiň iberen mähirli salamyny ýetirdi24-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Petra Dahtleri kabul etdi. Diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Germaniýanyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň we Federal Kansleri Fridrih Mersiň iberen mähirli salamyny ýetirdi
Çeşme: orient.tm

24-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Petra Dahtleri kabul etdi. Diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Germaniýanyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň we Federal Kansleri Fridrih Mersiň iberen mähirli salamyny ýetirdi. Taraplar özara hormat goýmak, ynanyşmak, deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryny yzygiderli çuňlaşdyrmaga özara ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Gepleşikleriň dowamynda netijeli sebitleýin mehanizm hökmünde özüni görkezen , “Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatynyň çäklerinde köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi. Bu dialog formaty ulag arabaglanyşygyny giňeltmek, ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ugurlarynda taslamalary bilelikde durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Ählumumy gün tertibinde iki ýurt hem BMG-niň çäklerinde durnukly ösüşe, howanyň üýtgemeginiň öňüni almaga we tebigy serişdeleriň netijeli ulanylmagyna gönükdirilen halkara başlangyçlaryna özara goldaw bermegini dowam etdirýär.

Türkmen-german hyzmatdaşlygynyň amaly binýady birnäçe ulgamlaýyn ugurlary öz içine alýar. Olaryň hatarynda ugurdaş iş toparynyň hem-de German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýardamy bilen alnyp barylýan söwda-ykdysady gatnaşyklary aýratyn bellemek bolar. Köp ýyllaryň dowamynda dowam edip gelýän hyzmatdaşlygyň nusgalyk ugurlarynyň biri hem saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlyk bolup durýar. Bu ugurda türkmen lukmanlary öňdebaryjy nemes hünärmenleri bilen yzygiderli tejribe alyşyp, lukmançylygyň öňdebaryjy ýewropa usullaryny ornaşdyrmak boýunça iş alyp barýarlar. Munuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer ugurdaky işjeň dialog hem dowam edýär. Bu ugurda bilim we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak babatdaky bilelikdäki maksatnamalara aýratyn ähmiýet berilýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026