Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi

Awgust 21, 2026 | 06:03 |5614
20-nji awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi20-nji awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi
Çeşme: orient.tm

20-nji awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi.

Täjigistanyň daşary işler ministri Prezident Emomali Rahmonyň salamyny ýetirdi we Türkmenistan bilen gatnaşyklary pugtalandyrmagyň Duşenbeniň daşary syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup galýansdygyny nygtady. Prezident Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň ýokary ýolbaşçylygyna öz gezeginde iň gowy arzuwlaryny beýan edip, häzirki saparyň ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine güýçli itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara düzümleriň — BMG-niň, GDA-nyň, YHG-nyň we «Merkezi Aziýa +» formatynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bellenildi. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň şu ýyl GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Arkalaşygyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýratyn nygtady. Bu bolsa sebitara dialogy pugtalandyrmakda täze ädim bolar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk babatda Türkmenistanyň we Täjigistanyň bilelikdäki hökümetara toparynyň işine möhüm orun berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow energetika, ulag we oba hojalygy ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şeýle hem söhbetdeşler iki halkyň taryhy we ruhy umumylygyna esaslanýan çuň medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk ugruny tassykladylar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Suwda ýerleşýän Olimpiýa şäherçesi: «Costa Serena» 2026-njy ýylyň Aziýa oýunlaryny kabul edýär

Suwda ýerleşýän Olimpiýa şäherçesi: «Costa Serena» 2026-njy ýylyň Aziýa oýunlaryny kabul edýär

09:00 Sentýabr 17, 2026
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026