HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen Täjigistan 2027–2028-nji ýyllar üçin diplomatik hyzmatdaşlyk maksatnamasyny tassyklady

Awgust 21, 2026 | 06:02 |4781
20-nji awgustda Aşgabatda resmi sapar bilen Türkmenistana gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň arasynda gepleşikler geçirildi20-nji awgustda Aşgabatda resmi sapar bilen Türkmenistana gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň arasynda gepleşikler geçirildi
Çeşme: mfa.tj

20-nji awgustda Aşgabatda resmi sapar bilen Türkmenistana gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşyklar dar we giňeldilen düzümlerde geçirilip, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2027–2028-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasynyň gol çekilmegi bilen tamamlandy.

turkmenistan-tajikistan-foreign-ministers-talks-ashgabat (2).jpeg

Syýasy geňeşmeleriň dowamynda taraplar Aşgabat bilen Duşanbeniň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler we syýasy-diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça anyk ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar. BMG-niň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygyň ähmiýetini kanagatlanma bilen nygtadylar. Täjigistan Respublikasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen 30-dan gowrak kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.

turkmenistan-tajikistan-foreign-ministers-talks-ashgabat (3).jpeg

Söwda-ykdysady ugur boýunça diplomatlar haryt dolanyşygynyň möçberleriniň durnukly ösýändigini belläp, energetika, ulag, logistika, oba hojalygy we özara maýa goýumlary ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky niýetlerini beýan etdiler. Işewürler arasyndaky dialogy işjeňleşdirmek üçin şu ýyl Duşanbede geçirilen Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi we Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň ikinji mejlisi möhüm esas bolup hyzmat etdi.

turkmenistan-tajikistan-foreign-ministers-talks-ashgabat (5).jpeg

Daşary işler ministrleri medeni-ynsanperwer ulgamyna hem uly üns berdiler. Iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ýakynlaşdyrmak maksady bilen ýakyn geljekde bilelikde geçiriljek çäreleriň meýilnamasyny ylalaşdylar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026