Aşgabatda ilkinji gezek halkara küşt ýaryşy — “Kids Expo-Chess Cup 2026” geçiriler


19–20-nji awgustda Aşgabatda Türkmenistanyň taryhynda ilkinji resmi halkara küşt ýaryşy — “Kids Expo-Chess Cup 2026” geçiriler. Rapid we blis görnüşindäki ýaryşlar Söwda-senagat edarasynyň Sergi toplumynda geçiriljek “KIDS EXPO: Ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasynyň çäginde guralar.
Küşt ýaryşyna 15-den gowrak ýurduň şol sanda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Eýranyň 8, 10 we 12 ýaşa çenli (U8, U10, U12) ýaş türgenleri gatnaşarlar. Ýaryş Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) resmi düzgünleri esasynda geçiriler.
Çäre diňe ýaş gatnaşyjylary däl, eýsem halkara küşt jemgyýetçiliginiň wekillerini hem bir ýere jemlär. Türkiýeden, Iordaniýadan, Kambojadan, Nepalden, Pakistandan, Ýaponiýadan, Şri-Lankadan, Siriýadan, Liwiýadan we beýleki döwletlerden grossmeýsterler, çempionlar, şeýle hem milli we halkara küşt federasiýalarynyň wekilleri paýtagta gelerler.

Ýaryş maksatnamasynyň bäsleşik bölüminden başga-da, “Kids Expo-Chess Cup” çäginde şu çäreler geçiriler:
Interaktiw meýdançalar: erkin oýun zolagy, ussatlyk sapaklary, tanyşdyryşlar we küşt boýunça wiktorina;
Bilim çäreleri: mugallymlar, tälimçiler we çagalar küşt maksatnamalarynyň guramaçylary üçin duşuşyklar;
Professional sessiýalar: bilermenleriň, grossmeýsterleriň we tälimçileriň arasynda tejribe alyşmak.
Ýaryşyň guramaçylary we hyzmatdaşlary Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Türkmenistanyň Küşt federasiýasy, Halkara mekdep küşt federasiýasy, Türki döwletleriniň küşt assosiasiýasy, Gazagystanyň Küşt federasiýasynyň “Freedom Asian Chess Initiatives” maksatnamasy we “TurkmenExpo” kompaniýasydyr. “KIDS EXPO: Ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy 19–22-nji awgust aralygynda Aşgabatda geçiriler.





