HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

Awgust 12, 2026 | 23:25 |2274
2027-nji ýylda ilkinji iPhone-yň çykanyna 20 ýyl dolýar. Şu sene mynasybetli Apple kompaniýasy doly aýnadan ýasalan korpusly rewolýusion smartfon çykarmagy meýilleşdirýärdi2027-nji ýylda ilkinji iPhone-yň çykanyna 20 ýyl dolýar. Şu sene mynasybetli Apple kompaniýasy doly aýnadan ýasalan korpusly rewolýusion smartfon çykarmagy meýilleşdirýärdi
Çeşme: Apple

2027-nji ýylda ilkinji iPhone-yň çykanyna 20 ýyl dolýar. Şu sene mynasybetli Apple kompaniýasy doly aýnadan ýasalan korpusly rewolýusion smartfon çykarmagy meýilleşdirýärdi. Emma analitikleriň maglumatlaryna görä, tehnologiýa ägirdi önümçilikdäki çynlakaý kynçylyklar we önümleriň zaýalanma derejesiniň ýokary bolmagy sebäpli bu pikirden ýüz öwürmeli boldy.

«Ýubileý» iPhone-yň konsepsiýasy nähilidi?

Ilkibaşda ýubileý modeliniň çarçuwalary we kesikleri bolmadyk diýen ýaly, bitewi aýna korpus bilen enjamlaşdyrylmagy göz öňünde tutulýardy. Öň kamera we Face ID datçikleri ekranyň aşagynda ýerleşdirilmelidi, fiziki düwmeleriň ýerine sensorly, gaty görnüşli (solid-state) düwmeler ulanylmalydy. Bilermenleriň çaklamalaryna görä, şeýle flagmanyň bahasy 2000 dollardan hem ýokary bolup bilerdi.

Kompaniýa näme üçin meýilnamalaryny üýtgedýär?

Meýilnamalaryň üýtgedilmeginiň esasy sebäbi önümçiligiň çylşyrymlylygydyr. Jefferies kompaniýasynyň analitigi Edison Li Apple-yň üpjünçilik zynjyryny öwrenip, doly aýna korpusyň öndürilmeginiň näsaz ýa-da talaba laýyk gelmeýän bölekleriň paýynyň aşa ýokary bolmagyna getirýändigini habar berdi.

Şol sebäpli Apple diňe ýubileý enjamynyň dizaýnyna däl, eýsem geljekki iPhone Pro we Pro Max modellerine-de täzeden garamaga mejbur bolýar. Bu modellerde hem şuňa meňzeş aýna panelleriň ulanylmagy meýilleşdirilipdi.

Ulanyjylar 2027-nji ýylda nämä garaşmaly?

Doly aýna gurluşyndan ýüz öwürmek ýubileý smartfonynyň çykarylmagynyň ýatyrylýandygyny aňlatmaýar. Ähtimal, Apple metal we aýnanyň utgaşmasyndan ýasalan nusgawy dizaýnly täzelenen flagman modelini hödürlär. Şeýle hem kompaniýa täze nesil iPhone Ultra eplenýän smartfonynyň üstünde işlemegini dowam etdirer.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026