HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikler geçirdi

Awgust 11, 2026 | 14:35 |2873
10-njy awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ol ýerden Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäheriniň “Islim-Çeşme” serhetýaka zolagynyň üsti bilen Owganystana ugrady10-njy awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ol ýerden Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäheriniň “Islim-Çeşme” serhetýaka zolagynyň üsti bilen Owganystana ugrady
Çeşme: omidradio.com

10-njy awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ol ýerden Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäheriniň “Islim-Çeşme” serhetýaka zolagynyň üsti bilen Owganystana ugrady.

Saparyň dowamynda Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar bilen ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň esasy üns merkezinde sebitleýin ösüşiň binýadyny emele getirýän möhüm energetika, ulag we infrastruktura taslamalaryny toplumlaýyn ilerletmek bilen bagly meseleler boldy.

Gepleşiklerde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň we onuň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat aralyndaky möhüm böleginiň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berildi.

Abdul Gani Baradar Gurbanguly Berdimuhamedowyň gaz geçirijisiniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşmak maksady bilen amala aşyran saparynyň taryhy ähmiýetini nygtady. Ol Hyratdaky TOPH taslamasynyň işleriniň bellenen tertibe laýyklykda alnyp barylýandygyny belledi. Owgan tarapy TOPH taslamasyny, elektrik geçirijiniň çekilmegini we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň döredilmegini ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm gurallary hökmünde baha berýär. Bu başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi ilaty energiýa bilen üpjün etmek meselelerini çözmäge, müňlerçe täze iş ýerlerini döretmäge, şeýle hem ýerli maýadarlar üçin tebigy gazdan elektrik energiýasyny öndürmek boýunça täze mümkinçilikleri açmaga şert döreder.

Işleriň depginini ýokarlandyrmak maksady bilen iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda bilelikdäki iş mehanizmini döretmek teklip edildi. Mundan başga-da, owgan tarapy Türkmenistanyň gaz pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça tejribesini öwrenmäge gyzyklanma bildirdi.

Gepleşikleriň ikinji möhüm ugry ulag-logistika pudagy boldy. Taraplar owgan harytlaryny üstaşyr daşamak üçin Türkmenbaşy Halkara deňiz portundan peýdalanmak, şeýle hem «Lapis Lazuli» halkara multimodal ulag geçelgesi boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Aşgabadyň üstaşyr daşamalaryň we söwdanyň möçberlerini artdyrmak üçin zerur bolan bar bolan port infrastrukturasyny hödürlemäge taýýardygyny tassyklady hem-de iki döwletiň arasyndaky serhediň parahatçylygyň, dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň serhedi bolup galýandygyny nygtady. coda orient.jpg

Gepleşikleriň çäklerinde «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Owganystanyň «Afghan Gas» döwlet korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Ähtnama esasynda taraplar Hyrat welaýatynda gaz infrastrukturasyny döretmek, senagat kärhanalary, elektrik stansiýalary we ilaty türkmen gazy bilen üpjün etmek boýunça bilelikde iş alyp barmak barada ylalaşdylar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kim Çen Yn bilen Wladimir Putin hyzmatdaşlyk barada hat alyşdylar

Kim Çen Yn bilen Wladimir Putin hyzmatdaşlyk barada hat alyşdylar

20:40 Awgust 17, 2026
Fransiýanyň Konstitusion Geňeşi çagalaryň sosial ulgamlara girmegini gadagan edýän kanuny ýatyrdy

Fransiýanyň Konstitusion Geňeşi çagalaryň sosial ulgamlara girmegini gadagan edýän kanuny ýatyrdy

19:00 Awgust 17, 2026
Germaniýadaky gurakçylyk hasylyň azalmagyna howp salýar

Germaniýadaky gurakçylyk hasylyň azalmagyna howp salýar

16:30 Awgust 17, 2026