HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy ýoga boýunça hünärmen wezipesine boş iş ornuny yglan etdi

Awgust 05, 2026 | 20:40 |1057
Ilçihana ilçihananyň binasynda we Aşgabaddaky “Bagtyýarlyk” sport toplumynda yzygiderli ýoga sapaklaryny geçirmek üçin ýerli ýoga hünärmeni wezipesine dalaşgärleri kabul edýärIlçihana ilçihananyň binasynda we Aşgabaddaky “Bagtyýarlyk” sport toplumynda yzygiderli ýoga sapaklaryny geçirmek üçin ýerli ýoga hünärmeni wezipesine dalaşgärleri kabul edýär
Çeşme: kaula.ru

Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy ilçihananyň çäginde hem-de Aşgabat şäherindäki «Bagtyýarlyk» sport toplumynda yzygiderli ýoga sapaklaryny geçirmek üçin ýerli ýoga hünärmenini işe kabul etmek boýunça resminamalary kabul edýär.

Umumy talaplar:

i.Ýaşy: 25–50 ýaş.

ii.Bilimi: azyndan ýokary bilim.

iii.Saglyk ýagdaýy: fiziki we ruhy taýdan sagdyn bolmaly.

iv.Diller: türkmen, rus we iňlis dillerini erkin bilmeli.

2. Dalaşgär şu aşakdaky talaplara laýyk gelmelidir

a) Ýoga boýunça azyndan 3 ýyllyk ýokary bilim we 3 ýyllyk mugallymçylyk tejribesi;

ýa-da

abraýly okuw mekdebinden ýa-da ussat mugallymdan alnan azyndan 2 ýyllyk ýoga okuwynyň diplomy ýa-da şahadatnamasy we azyndan 4 ýyllyk iş tejribesi.

b) Şeýle hem dalaşgär ýoganyň taryhy we filosofiýasy barada ýeterlik bilime eýe bolmalydyr.

3. Aşakdaky başarnyklaryň bolmagy makullanýar

a) Kompýuterden peýdalanmak endikleri, şol sanda audio we wideo ýazgylaryny taýýarlamak we ýüklemek, YouTube ýa-da internetdäki wideolary montaž etmek hem-de redaktirlemek;

b) Görkeziş çykyşlaryny we leksiýalary geçirmek boýunça tejribe;

c) Talyplara iň gowy şahsy netijeleri gazanmaga ýardam etmäge taýýarlyk, başlangyç görkezmek ukyby hem-de olaryň okuwy, ösüşi we tertibi babatda ýokary talaplary goýup bilmek.

4. Gyzyklanma bildirýän dalaşgärler arzasyny, terjimehalyny (CV), iş tejribesi we bilimi baradaky maglumatlary şu salgy boýunça iberip bilerler: Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy, Halkara işewürlik merkezi, Ýunus Emre köçesi 1, Mir 2/1, poçta gutusy №80, Aşgabat – 744017, Türkmenistan.

Goşmaça maglumatlary iş günleri sagat 09:00–13:00 we 14:00–17:30 aralygynda 45-61-52, 45-61-53 telefon belgileri ýa-da int.ashgabat@mea.gov.in we pic.ashgabat@mea.gov.in elektron poçta salgylary arkaly alyp bolýar.

5. Resminamalary tabşyrmagyň iň soňky möhleti – 2026-njy ýylyň 14-nji awgusty.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmen dizaýnerleri Parižde geçirilen halkara moda sergisinde öz önümlerini hödürlediler

Türkmen dizaýnerleri Parižde geçirilen halkara moda sergisinde öz önümlerini hödürlediler

03:25 Sentýabr 12, 2026
Türkmenistanyň teatrlary Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna täze sahna oýunlaryny hödürlärler

Türkmenistanyň teatrlary Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna täze sahna oýunlaryny hödürlärler

00:20 Sentýabr 12, 2026
Teatr bäsleşigi üstünlikli geçirildi

Teatr bäsleşigi üstünlikli geçirildi

15:00 Sentýabr 11, 2026