Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň 8-nji konsultatiw duşuşygynyň ileri tutulýan bäş ugruny beýan etdi


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygynda çykyş etdi. Döwlet Baştutany çykyşynda sebitara dialogy giňeltmegiň ähmiýetine aýratyn üns berip, 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän nobatdaky Sammitiň gün tertibiniň bäş esasy ugruny giňişleýin beýan etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň başynda Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparowa myhmansöýerligi üçin hoşallyk bildirdi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sammite gatnaşyjylara iberen mähirli salamyny we netijeli işlemek baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidenti, şeýle hem, Yssyk-kölde täze infrastruktura desgalarynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli gyrgyz tarapyny gutlap, olaryň tutuş sebitiň syýahatçylyk mümkinçiliklerini ösdürmekdäki möhüm ähmiýetini belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň sebit hyzmatdaşlygy formatyna doly hukukly gatnaşmagyna aýratyn üns çekdi. Serdar Berdimuhamedow altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze mehanizminiň doganlyk halklaryň artýan umumy mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak arkaly hyzmatdaşlyga we özara ýakynlaşmaga goşmaça itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Çykyşynyň esasy bölegi 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna bagyşlandy.
Serdar Berdimuhamedow türkmen tarapynyň Sammitiň gün tertibiniň taslamasyny taýýarlap, ony hyzmatdaş döwletlere iberendigini habar berdi. Taslama bäş strategik ugry öz içine alýar:
Howpsuzlyk we durnuklylyk: möhüm sebit we halkara parahatçylyk, durnuklylyk, howpsuzlyk meseleleri boýunça pikir alyşmalar;
Diplomatiýa: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak;
Ykdysadyýet we logistika: söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, durnukly ulag-logistika geçelgelerini ösdürmek;
Ekologiýa we suw serişdeleri: daşky gurşawy goramak hem-de howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, Amyderýanyň we Syrderýanyň suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, Aral deňzini gaýtadan dikeltmek ulgamynda tagallalary utgaşdyrmak babatda bilelikdäki çäreleri durmuşa geçirmek;
Ynsanperwer ugur: medeni, ylym-bilim gatnaşyklaryny ösdürmek, talyp we ýaşlar alyşmalaryny giňeltmek.
Döwlet Baştutany, şeýle hem, Sammite taýýarlyk görülýän we onuň geçirilýän günlerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birnäçe iri halkara forumlarynyň we medeni çärelere geçiriljekdigini belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti çykyşynyň ahyrynda sebit döwletleriniň Hazar deňziniň kenarynda geçiriljek nobatdaky duşuşygy taýýarlamaga ýokary jogapkärçilik bilen çemeleşjekdiklerine ynam bildirdi hem-de ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen oňyn çemeleşmeleri üçin kärdeşlerine hoşallygyny beýan etdi.





