HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB bilen Türkiýäniň Söwda palatalarynyň birleşigi birža hyzmatdaşlygyny giňeltmegi maksat edinýärler

Iýul 25, 2026 | 06:26 |2369
Ankarada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) ýolbaşçylary bilen Türkiýäniň Söwda palatalary we haryt biržalary birleşiginiň (TOBB) arasynda gepleşikler geçirildiAnkarada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) ýolbaşçylary bilen Türkiýäniň Söwda palatalary we haryt biržalary birleşiginiň (TOBB) arasynda gepleşikler geçirildi
Çeşme: tobb.org.tr

BIZNES, 23-nji iýul | ORIENT. Ankarada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) ýolbaşçylary bilen Türkiýäniň Söwda palatalary we haryt biržalary birleşiginiň (TOBB) arasynda gepleşikler geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygynyň orunbasary Ýusup Amansaryýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet TOBB-nyň prezidenti Mustafa Rifat Hisarjyklyogly bilen türk işewürler birleşiginiň baş edarasynda duşuşdy. Taraplar söwda kuwwatyny artdyrmak, bankara we birža hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, şeýle hem iki ýurduň telekeçileriniň arasynda göni B2B gatnaşyklaryny höweslendirmek üçin täze mehanizmleri döretmek meseleleri boýunça giňişleýin pikir alyşdylar.

Mustafa Rifat Hisarjyklyogly türkmen tarapyna sapary üçin hoşallyk bildirip, TOBB-nyň söwda meýdançalarynyň integrasiýasyna, birža söwdasyny sanlylaşdyrmak babatda öňdebaryjy tejribäniň alyşylmagyna hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny nygtady. Ankaradaky duşuşyk özara söwda dolanyşygyny artdyrmak we türkmen önümleriniň Türkiýäniň hem-de Ýewropa bazarlaryna eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmekde nobatdaky möhüm ädim boldy.

Iş saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Türkiýäniň Haryt biržasynyň (TÜRİB) elektron ammar şahadatnamalaryny ornaşdyrmak hem-de birža ulgamynda sanly ulgamy ulanmak boýunça tejribesi bilen hem tanyşdy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026