Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystan bilen Hytaý çig mal hyzmatdaşlygyndan ýokary tehnologiýalara geçýär

Iýul 20, 2026 | 23:22 |5889
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Şanhaýa amala aşyran iş sapary Hytaý bilen gatnaşyklarda täze ösüş tapgyryny berkitdiGazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Şanhaýa amala aşyran iş sapary Hytaý bilen gatnaşyklarda täze ösüş tapgyryny berkitdi
Çeşme: inform.kz

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Şanhaýa amala aşyran iş sapary Hytaý bilen gatnaşyklarda täze ösüş tapgyryny berkitdi. Adaty çig mal iberilişiniň ýerine Astana Pekine metallary gazyp almakdan başlap, maglumatlary gaýtadan işleýiş merkezlerine we emeli aň tehnologiýalaryna çenli bitewi senagat ulgamyny döretmek konsepsiýasyny hödürledi. Gepleşikleriň netijesinde umumy bahasy 15 milliard ABŞ dollaryndan gowrak bolan ylalaşyklaryň bukjasy emele getirildi.

Saparyň esasy wakasy dünýäniň batareýa öndürijileriniň öňdebaryjysy bolan CATL kompaniýasy bilen geçirilen gepleşikler boldy. Hytaý kompaniýasy Gazagystanda Merkezi Aziýada şu görnüşdäki ilkinji iri akkumulýator batareýalaryny öndürýän zawody gurmaga taýýardygyny mälim etdi. Gazagystan bolsa gazylýan magdanlary gaýtadan işlemekden başlap, taýýar batareýalary öndürmäge we ýerli inženerleri taýýarlamaga çenli doly tehnologik zynjyry döretmäge aýratyn üns berýär.

Şol bir wagtyň özünde sanly infrastruktura ugry hem ösdürilýär. Gazagystan Ekibastuzyň golaýynda Data Center Valley atly iri hasaplaýyş infrastruktura taslamasyny durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär. Töwekgelçilikleri azaltmak maksady bilen ýurt hyzmatdaşlaryny diwersifikasiýalaşdyrýar: taslama Amerikanyň NVIDIA korporasiýasy bilen birlikde hytaý operatorlarynyň hem gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Bu iri IT we senagat taslamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin ygtybarly energiýa üpjünçiligi esasy şert bolup durýar. Bu ugurdaky ilkinji ädim hökmünde Gazagystan hytaýyň CCCC kompaniýasy bilen Kargaly jülgesinde kuwwaty 600 MW bolan nasosly gidroakkumulýasiýa elektrik stansiýasyny taslamak boýunça ylalaşyk gazandy. Bu desga elektrik energiýasyna bolan islegiň iň ýokary döwürlerinde ýüki deňleşdirmäge ýardam berer.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

20:30 Awgust 11, 2026
Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

18:23 Awgust 11, 2026
Millionda bir tötänlik. Türkmen çölleriniň ak altyny: dünýä himiýasyny üýtgeden açyşyň taryhy

Millionda bir tötänlik. Türkmen çölleriniň ak altyny: dünýä himiýasyny üýtgeden açyşyň taryhy

23:05 Awgust 10, 2026