Google Pixel 11 dünýäde ilkinji bolup 2 nanometrli prosessor bilen enjamlaşdyrylyp bilner


Google Pixel 11 smartfonlar tapgyry tehnologik taýdan uly öňegidişlik edip, Apple kompaniýasyndan öňe geçip biler. Çaklamalara görä, täze Tensor G6 prosessory Taýwanyň TSMC kompaniýasy tarapyndan 2 nanometrli tehnologiýa esasynda öndürilen dünýäde ilkinji mobil çip bolar.
Adatça TSMC-niň iň täze önümçilik tehnologiýasyny ilkinji bolup Apple ulanýar. Emma bu gezek Google bäsdeşinden öňe çykmagy meýilleşdirýär. Pixel 11 tapgyrynyň bazara has ir çykmagyna we täze nesil prosessorly ilkinji flagman smartfonlara öwrülmegine garaşylýar. Takmynan bir aý soňra bolsa Apple A20 çipleri bilen işleýän iPhone 18 tapgyrynyň tanyşdyrylyşy bolar.
2 nanometrli tehnologiýa geçilmegi smartfonlaryň öndürijiligini ep-esli ýokarlandyrmaga, energiýa tygşytlylygyny gowulandyrmaga hem-de batareýanyň bir zarýad bilen has uzak işlemegine mümkinçilik berer. Bar bolan maglumatlara görä, Tensor G6 has kuwwatly merkezi prosessora eýe bolar, grafiki çipi bolsa has ykjam görnüşde taýýarlanar.
Ýene bir möhüm täzelik aragatnaşyk ulgamyna degişli. Täze smartfonlarda Samsung modeminiň ýerine MediaTek kompaniýasynyň modemi ulanylyp bilner. Bu bolsa signalyň kabul edilişiniň hilini ýokarlandyrmaga we mobil internetiň has durnukly işlemegini üpjün etmäge ýardam berer. Google Pixel 11 tapgyrynyň resmi tanyşdyrylyşy 12-nji awgustda geçiriler.
ORIENT







