HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gruziýanyň Premýer-ministriniň gepleşikleri

Iýul 18, 2026 | 21:05 |2895
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet saparynyň ikinji güni — 17-nji iýulda hökümet derejedäki gepleşiklere bagyşlandyTürkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet saparynyň ikinji güni — 17-nji iýulda hökümet derejedäki gepleşiklere bagyşlandy
Çeşme: 1tv.ge

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet saparynyň ikinji güni — 17-nji iýulda hökümet derejedäki gepleşiklere bagyşlandy. Tbiliside döwlet Baştutany Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze bilen duşuşdy. Gepleşikler ilki ikitaraplaýyn görnüşde geçirildi, soňra bolsa hökümet wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdirildi.

Şu sapar iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan senesine gabat geldi. Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow geljek ýylda bu taryhy wakanyň 35 ýyllygyny giň gerimde, ýokary derejede bellemegi teklip etdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň toplumlaýyn we strategik häsiýete eýedigini bellediler. Esasy üns ulag-logistika ugurlaryny hem-de ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak meselelerine gönükdirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabadyň gruziýaly hyzmatdaşlara Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Aziýa–Ýuwaş umman sebitiniň bazarlaryna çykmagyna ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady. Şeýle hem energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmagyň möhümdigi nygtaldy.

Esasy üstaşyr ulag geçelgeleri hökmünde “Lazurit” halkara geçelgesi (Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe), Rumyniýanyň gatnaşmagyndaky “Hazar deňzi — Gara deňiz” ugry, şeýle hem TRACECA maksatnamasy bellenildi. Hyzmatdaşlar bu ulag ugurlaryny ösdürmek boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda sebitara gatnaşyklary ösdürmek meselelerine hem aýratyn üns berildi. Arkadag şäheri bilen Telawiniň arasynda baglaşylan doganlyk gatnaşyklary baradaky ylalaşygyň üstünlikli tejribesine daýanyp, Türkmenistanyň Prezidenti möhüm deňizýaka şäherleriniň —Türkmenbaşy hem-de Batumi şäherleriniň arasynda-da şeýle gatnaşyklary ýola goýmak başlangyjyny öňe sürdi. Bu bolsa Hazar deňzi we Gara deňiz sebitlerindäki port hyzmatdaşlygyny has-da berkitmäge ýardam eder. Ynsanperwer ulgamynda bolsa Aşgabatda Şota Rustaweliniň ýadygärliginiň açylandygy we Gruziýada Magtymguly Pyragynyň mirasyna uly hormat goýulýandygy bellenildi. Häzirki wagtda şol Gruziýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär.

Duşuşyklaryň netijeleri boýunça Serdar Berdimuhamedow bilen Irakliý Kobahidze Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Degişli edaralaryň derejesinde hem taraplar möhüm resminamalaryň giň toplumyny alyşdylar. Olaryň arasynda daşary işler ministrlikleriniň arasynda iki ýyllyk hyzmatdaşlyk maksatnamasy, döwlet emlägini hususylaşdyrmak, maliýe gözegçiligi, saglygy goraýyş, senagat we deňiz ulaglary ugurlary boýunça ähtnamalar bar.

Şeýle hem iki ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw jaýlary, teatrlary, kitaphanalary we muzeýleri arasynda göni hyzmatdaşlyk ylalaşyklary baglaşyldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Premýer-ministrini özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Saparyň amaly dowamy hökmünde Tbiliside Türkmen-gruzin işewürlik forumy we türkmen harytlarynyň sergisi geçirildi. Forumyň çäklerinde telekeçiler 50-den gowrak duşuşyk geçirip, olaryň netijesinde anyk täjirçilik ylalaşyklary gazanyldy. Hususan-da, türkmen hususy kompaniýalary birnäçe şertnama gol çekdiler. «Tibet türkmen» we «Şerbetli Ak gar» hojalyk jemgyýetleri konditer önümlerini eksport etmek boýunça ylalaşyk baglaşdylar. Şeýle hem «Täç hil» hojalyk jemgyýeti Gruziýa himiki-ýuwujy serişdelerini ibermek barada şertnama baglaşdy.

Logistika ulgamynda hem birnäçe ylalaşyk gazanyldy. «Döwrebap ulag merkezi» kompaniýasy we «Mizemez gadam» hususy kärhanasy gurluşyk materiallaryny satyn almak we satmak boýunça şertnama baglaşdylar. Mundan başga-da, «Ygtybarly ätiýaçlandyryş» AGPJ bilen Gruziýanyň bazarynda distribýutorlyk hukuklaryny alan «Gündogar Akymy» kompaniýasy hyzmatdaşlyk hakynda ähtnama gol çekdiler.

Döwlet saparynyň maksatnamasyny tamamlanandan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow Irakliý Kobahidzeniň ugratmagynda Tbilisi şäheriniň Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanyna ugrady. Şol gün agşam Türkmenistanyň Prezidentiň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Raşid Meredow ABŞ-nyň ilçisi Elizabet Rud bilen onuň Aşgabatdaky diplomatik işiniň jemleri barada pikir alyşdy

Raşid Meredow ABŞ-nyň ilçisi Elizabet Rud bilen onuň Aşgabatdaky diplomatik işiniň jemleri barada pikir alyşdy

21:16 Iýul 18, 2026
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gruziýanyň Premýer-ministriniň gepleşikleri

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gruziýanyň Premýer-ministriniň gepleşikleri

21:05 Iýul 18, 2026
Türkiýede daýwing: batyp galan gämileri we gowaklary görmek üçin iň gowy ýerler

Türkiýede daýwing: batyp galan gämileri we gowaklary görmek üçin iň gowy ýerler

20:59 Iýul 18, 2026