HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Jakarta — Aşgabat: Türkmenistanyň DIM-niň orunbasarynyň ASEAN-yň Baş sekretary bilen duşuşygy we syýasy geňeşmeler

Iýul 15, 2026 | 10:01 |1851
14-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň assosiasiýasynyň (ASEAN) Baş sekretary Kao Kim Horn bilen duşuşdy14-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň assosiasiýasynyň (ASEAN) Baş sekretary Kao Kim Horn bilen duşuşdy
Çeşme: mfa.gov.tm

14-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň assosiasiýasynyň (ASEAN) Baş sekretary Kao Kim Horn bilen duşuşdy. Bu sapar guramanyň ştab-kwartirasyndaky işjeň hepdeligiň çäklerinde amala aşyrylýar, häzirki wagtda ol ýerde sebitde howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, ýaşyl energetika we metan zyňyndylaryny azaltmak meseleleri işjeň ara alanyp maslahatlaşylýar.

Şu depginli ýadaýda Aşgabat iki sebitiň arasynda ykdysady we logistika özara barşy-gelşigi üçin ygtybarly köpri bolmaly «Merkezi Aziýa + ASEAN» hemişelik dialog formatyny döretmek baradaky başlangyjy öňe sürýär.

djakarta-ashgabat-turkmenistan-mid-asean-meeting (3).jpg

Assosiasiýanyň Sekretariatynda taraplar ulag ulgamynyň özara baglanyşygyny, sanly ykdysadyýeti we bilelikdäki innowasiýalary ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitläp, bu formatyň iş ýüzündäki mazmunyny baýlaşdyrmagyň mümkinçiliklerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu başlangyjyň öňe sürülmegi Türkmenistanyň we Indoneziýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda Ahmet Gurbanowyň we onuň kärdeşi Santo Darmosumartonyň ýolbaşçylygynda geçirilen taryhy ilkinji ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň barşynda indoneziýa tarapyndan hem goldanyldy.

djakarta-ashgabat-turkmenistan-mid-asean-meeting (5).jpg

Indoneziýa ASEAN-yň liderleriniň biri we ykdysady hereketlendiriji güýji bolmak bilen, türkmen işewürliginiň Günorta-Gündogar Aziýanyň bazarlaryna çykmagynda uly mümkinçilikleri görýär. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bu mowzugy Indoneziýanyň Söwda ministriniň orunbasary Dýaha Roro Esti Widýa Putri bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda berkitdi. Taraplar diňe bir jarnamalar bilen çäklenmän, eýsem anyk işe geçmek: söwda-senagat edaralarynyň arasynda göni gatnaşyklary taýýarlamak, özara işewür toparlaryň wekilleriniň saparlaryny hem-de milli sergileri guramak barada ylalaşdylar.

Jakartadaky şeýle işjeň häsiýete eýe bolan duşuşyklaryň meýilnamasy Aşgabadyň umumy diplomatik gatnaşyklardan dünýäniň iň çalt ösýän bazarlarynyň birinde anyk söwda ugurlaryny we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy gurmaga geçýändigini görkezýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Pekinde “Umumy geljek üçin ýaşlaryň ösüşi 2026” atly halkara tomusky merkezler öz işine başlady

Pekinde “Umumy geljek üçin ýaşlaryň ösüşi 2026” atly halkara tomusky merkezler öz işine başlady

20:20 Iýul 27, 2026
Stambulda Data Center Eurasia 2026 sergisi we maslahaty geçiriler

Stambulda Data Center Eurasia 2026 sergisi we maslahaty geçiriler

20:15 Iýul 27, 2026
Türkmen robototehnikleri bu gezek Awstraliýadan hem medal bilen dolandylar

Türkmen robototehnikleri bu gezek Awstraliýadan hem medal bilen dolandylar

20:10 Iýul 27, 2026