Gurbanguly Berdimuhamedow Tährana iş saparyny amala aşyrdy


Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji iýulda iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasyna bardy. Tähranyň «Mehrabad» halkara howa menzilinde türkmen wekiliýetiniň Baştutanyny Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Mohammad Reza Aref garşy aldy.
«Saadabad» hökümet toplumynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen gepleşikleri geçirildi. Eýranyň Prezidenti goňşy Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändiklerini nygtap, bu saparyň ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze güýçli itergi berjekdigine ynam bildirdi. Taraplar söwda-ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga taýýardyklaryny tassykladylar.
Saparyň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygy Eýranyň Parlamentiniň Başlygy Mohammad Bager Galibaf bilen hem duşuşdy. Duşuşykda parlamentara hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň möhüm gurallarynyň biridigi bellenilip, parlamentara dostluk toparlarynyň işini işjeňleşdirmek barada ylalaşyldy.
Duşuşykdan soň Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň Teleradiogepleşikler guramasynyň (IRIB) žurnalistiniň sowallaryna jogap berdi.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Mosalla Ymam Homeýni metjidine bardy. Bu ýerde Eýran Yslam Respublikasynyň merhum Lideri Aýatolla Seýed Ali Hameneýi bilen hoşlaşyk matam çäresine gatnaşdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow EYR-nyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we beýleki ýokary derejeli wekillere Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle-de hut öz adyndan, tutuş türkmen halkynyň adyndan şu hasratly günde çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri gynanç kitabyna ýazgy galdyrdy.
Saparyň maksatnamasy tamamlanandan soň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada gaýdyp geldi.






