Apple kompaniýasy Apple Ring akylly ýüzügini işläp taýýarlaýar


Amerikanyň Apple kompaniýasy Apple Ring ady bilen çykarylmagy mümkin bolan akylly ýüzügiň üstünde işleýär. GSMArena neşiriniň içerki çeşmelerine görä, taslama häzirlikçe irki işlenip taýýarlanyş tapgyrynda dur. Garaşylyşyna görä, enjam saglyk ýagdaýyny we fiziki işjeňligi gözegçilikde saklamaga gönükdiriler hem-de Samsung Galaxy Ring bilen bäsleşer.
Akylly ýüzükden başga-da, kompaniýanyň inženerleri geýilýän elektron enjamlarynyň başga görnüşlerini hem öwrenýärler. Olaryň hatarynda akylly äýnekler, boýna dakylýan kulonlar hem-de emeli aň mümkinçilikleri üçin oturdylan kameraly AirPods Pro gulaklyklary bar.
Täze önümiň bazara çykjak senesi we bahasy häzirlikçe resmi taýdan mälim edilmedi. Prototip tapgyryndaky islendik taslamanyň ýatyrylmak ähtimallygy bar bolsa-da, häzirki işler Apple kompaniýasynyň öz firma aksessuarlar toplumyny giňeltmegi maksat edinýändigini görkezýär.







