HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Duşanbede bilermenler “Merkezi Aziýa — Koreýa” birinji sammitiniň gün tertibini düzýärler

Iýun 24, 2026 | 16:10 |1696
Şu gün Täjigistanyň paýtagtynda Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň seljeriş merkezleriniň 3-nji forumy geçirilýär. Şu ýylky duşuşygyň esasy aýratynlygy — onuň strategik wagtydyrŞu gün Täjigistanyň paýtagtynda Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň seljeriş merkezleriniň 3-nji forumy geçirilýär. Şu ýylky duşuşygyň esasy aýratynlygy — onuň strategik wagtydyr
Çeşme: orient.tm

ORIENT | 24-nji iýun, Duşanbe. Şu gün Täjigistanyň paýtagtynda Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň seljeriş merkezleriniň 3-nji forumy geçirilýär. Şu ýylky duşuşygyň esasy aýratynlygy — onuň strategik wagtydyr. Üstümizdäki ýylyň güýzinde Seulda geçirilmegi meýilleşdirilen “MA – Koreýa” döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitinden öň guralan forum, geljekki hökümetara gün tertibini düzmek we ylalaşyk gazanmak üçin möhüm intellektual meýdança öwrüldi.

central-asia-korea-forum-dushanbe-summit-seoul (4).jpg

Bu forum sebit ýurtlarynyň Prezidentiniň we Hökümetiniň gönüden-göni garamagynda bolan öňdebaryjy strategik ylmy-barlag institutlaryny bir ýere jemleýär. Bu giň möçberli çäräde Türkmenistana Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň we ýurduň ýokary diplomatik mekdebiniň bilermenlerinden ybarat topar wekilçilik edilýär.

Forumyň ilkinji sessiýasy ählumumy geosyýasatdaky tektoniki üýtgeşmelere we hyzmatdaşlygyň arhitekturasyna bagyşlandy. Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň prorektory Gaýgysyz Döwletow çekişmä işjeň gatnaşdy. Bilermenler ylmy we seljeriş hyzmatdaşlygyň ulanylmadyk mümkinçiliklerine we üýtgeýän halkara ýagdaýynyň şertlerinde köptaraply dialog üçin netijeli işleri gözlemäge ünsi jemlediler.

central-asia-korea-forum-dushanbe-summit-seoul (10).jpg

Ikinji mejlis özara peýdaly ykdysady hyzmatdaşlygy gurmaga bagyşlandy. Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň direktory Şiri Şiriýew jikme-jik hasabat berdi.

Öz çykyşynda türkmen bilermeni Günorta Koreýanyň Merkezi Aziýadaky iň uly maýadarlaryň biri hökmündäki ornuna giňişleýin baha berdi. Bu ýerde “Samsung”, “LG”, “Hyundai” we “POSCO” ýaly tehnologiýa ägirtleri eýýäm birnäçe ýyllaryň dowamynda netijeli işleri alyp barýarlar.

central-asia-korea-forum-dushanbe-summit-seoul (6).jpg

Şiri Şiriýew Günorta Koreýanyň XXI asyrdaky esasy zerurlygynyň daşary ýurtlardan getirilýän uglewodorodlara, urana, seýrek ýer elementlerine we reňkli metallara ýokary derejede garaşlylygy sebäpli serişde we energiýa howpsuzlygy bolmagynda galýandygyny belledi. Şu nukdaýnazardan Merkezi Aziýa Seul üçin örän möhüm ähmiýete eýedir.

Çykyş ediji esasy höweslendiriji faktorlaryň arasynda sebitiň möhüm mineral we tebigy gazyň gorlaryny, ösen “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” ulag geçelgelerini we sebit ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň durnukly ykdysady ösüşini belläp geçdi. Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň direktory aýratynlykda syýasy durnuklylygyň, Merkezi Aziýa döwletleriniň Liderleriniň arasyndaky özara düşünişmegiň we sebitiň dünýä giňişliginde garaşsyz, güýçli oýunçy hökmünde berkidilmeginiň möhümdigini nygtady.

central-asia-korea-forum-dushanbe-summit-seoul (5).jpg

Diplomatik arhitektura baha bermek bilen, bilermen 2007-nji ýylda Daşary işler ministrleriniň derejesinde başlanan “5+1” formatynyň yzygiderli ösýändigini belledi: 2023-nji ýylda ol parlamentara derejä çykdy we ýakynda, 16-njy iýunda Daşkentde Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygynda Seulda geçiriljek taryhy sammitiň meýilnamalary, şol sanda “K-Silk Road” atly giň möçberli strategik başlangyç ylalaşyldy.

central-asia-korea-forum-dushanbe-summit-seoul (3).jpg

Şiri Şiriýew, söwda-ykdysady hereketlendiriji faktorlardan başga-da (ýeri gelende aýtsak, Koreýanyň Merkezi Aziýa bilen söwda dolanyşygy 2025-nji ýylda 8,5 milliard dollara ýetdi we 2024-2025-nji ýyllar aralygyndaky döwürde türkmen-koreý söwda ösüşi 7,1% boldy), taraplar geosyýasy diwersifikasiýa bolan meýilleri utgaşdyrýandygyny belledi. Merkezi Aziýa ýurtlary däp boýunça köp polýarly güýç merkezleriniň arasynda deňagramly garaýyşy saklaýarlar, Günorta Koreýa bolsa esasy ählumumy oýunçylaryň “berk orbitasyndan” daşarda sebitde öz ornuny berkitmäge çalyşýar, bu bolsa garaşsyz ykdysady hereketler üçin ajaýyp mümkinçilikleri açýar.

central-asia-korea-forum-dushanbe-summit-seoul (7).jpg

Geljekki hökümetara gün tertibi üçin teklipler hökmünde Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň direktory ulag, aragatnaşyk, suw we ekologiýa hyzmatdaşlygyny güýçlendirmegiň, şol sanda “ýaşyl” ykdysadyýeti we döwrebap sanly bilim usullaryny bilelikde öňe sürmegiň zerurdygyny belledi.

Duşanbede geçirilen çekişmelerden soň, bilermenler bilelikdäki syýasy teklibi kabul ederler. Bu resminama döwlet ýolbaşçylarynyň güýzde geçiriljek sammitinde amaly taýdan durmuşa geçirmek üçin Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň we Koreýa Respublikasynyň hökümetlerine resmi taýdan hödürlener.

central-asia-korea-forum-dushanbe-summit-seoul (8).jpg

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ankarada NATO-nyň 36-njy sammiti başlandy, howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi

Ankarada NATO-nyň 36-njy sammiti başlandy, howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi

18:00 Iýul 07, 2026
Fujifilm retro stiline bolan gyzyklanmanyň artmagy bilen täze bir gezek ulanylýan foto enjamlaryny çykarýar

Fujifilm retro stiline bolan gyzyklanmanyň artmagy bilen täze bir gezek ulanylýan foto enjamlaryny çykarýar

13:25 Iýul 07, 2026
Türkmenistanyň ilçisi Saud Arabystanynyň Ylmy merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Saud Arabystanynyň Ylmy merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

13:00 Iýul 07, 2026