Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi


ORIENT | Sport. Türkmenistanyň milli küşt ýygyndysy Gazagystanda geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynyň çäklerinde Aktobe şäherinde geçirilen abraýly halkara «Wladimir Dworkowiçiň hatyrasyna – Aktobe Open 2026» ýaryşyna gatnaşdy. Bäsleşige dünýäniň 21 ýurdundan 210 sany güýçli küştçi, şol sanda 23 halkara grossmeýster gatnaşdy.
Küşt ýaryşy nusgawy şweýsar ulgamy boýunça 9 tapgyrda geçirildi we Masters hem-de Open toparlaryna bölündi. Gazagystandaky ýaryşda türkmen türgeni Mähri Agamyradowa aýratyn tapawutlandy. FIDE reýtingi 2049 bolan ýaş küştçi Open toparynda üstünlikli çykyş edip, 9 mümkin bolan utukdan 6 utuk toplady. Şeýle netijäniň esasynda ol umumy sanawda 15-nji orny eýeledi hem-de ýaryşa gatnaşan zenanlaryň arasynda iň ýokary netijäni görkezdi.

Bu üstünlik Mährä halkara reýtingine goşmaça 83,2 utuk gazandyrdy. Şeýlelikde, ol FIDE-niň Zenan ussady (WFM) diýen abraýly ady almak üçin zerur görkezijä ýetdi. Zehinli küştçi Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdebiň 10-njy synpynda okaýar we tejribeli tälimçi Güljahan Öwlägulyýewanyň ýolbaşçylygynda türgenleşýär. Onuň işjeňligi, maksada okgunlylygy we oňyn häsiýeti oýundaky batyrgaý stilinde hem aýdyň görünýär.

Aktobedäki ýaryşda Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň beýleki agzalary hem üstünlikli çykyş etdiler. Jahan Rejepowa başlangyç reýtingi 2057 bolmak bilen öz hasabyna 26,8 utuk goşdy. Ogulsuraý Baýrambaýewa reýtingini 8,2 utuk, Leýla Şöhradowa bolsa 5,2 utuk ýokarlandyrdy.

Şol bir wagtyň özünde diňe FIDE reýtingi 2400-den ýokary bolan küştçileriň gatnaşmagyna rugsat berlen Masters toparynda Türkmenistana ýurdumyzyň geljegi uly bolan grossmeýsterleriniň biri Amanmuhammet Hommadow wekilçilik etdi. Ol dünýäniň öňdebaryjy küştçileri, şol sanda alty grossmeýster we bir halkara ussat bilen bäsleşdi. Güýçli bäsdeşlik şertlerinde Amanmuhammet öz reýtingine 10,6 utuk goşmagy başardy we halkara ussat (IM) derejesiniň kadalaryny ýerine ýetirmäge has-da ýakynlaşdy.

Masters toparynyň ýeňijisi ABŞ-ly grossmeýster Endrýu Hong boldy. Open toparynda bolsa birinji orny gazagystanly FIDE ussady Alan Petuhow eýeledi.
Gazagystanda geçirilen bu ýaryş türkmen küştçileriniň möwsümiň esasy ýaryşlaryna taýýarlygynyň möhüm tapgyryna öwrüldi. Milli ýygyndynyň öňünde jogapkärli we gyzgalaňly döwür garaşýar. Sebäbi eýýäm sentýabr aýynda topar dünýä küşt senenamasynyň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda Türkmenistanyň abraýyny gorar. Şu ýylky olimpiada Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçiriler.








